Ï Demirgazyk sebitiň OST-nyň maldarçylyk pudagynda hususyýetçileriň işjeňligi artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Demirgazyk sebitiň OST-nyň maldarçylyk pudagynda hususyýetçileriň işjeňligi artýar

view-icon 1016
Daşoguz welaýatynda maldarçylyk oba hojalyk önümçiligniň esasy pudaklarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan döwlet maksatnamalary netijesinde sebitiň maldarçylyk pudagyna hojalygy ýöretmegiň ýokary tehnologiýaly usullary ornaşdyrylýar. Birnäçe ýyl mundan ozal S.A.Nyýazow adyndaky etrapda döwlet tarapyndan gara mallaryň 500-sini saklamaga we ýylda 2000 tonna süýdi hem-de 120 tonna eti gaýtadan işlemäge niýetlenen maldarçylyk toplumynyň gurulmagy önümçiligi netijeli guramagyň mysallarynyň biridir. Bu ýerde iýmlik ekinleri ekmekden başlap ýokary hilli et we süýt önümlerini öndürmäge çenli işiň ähli tapgyrynda döwrebap tehnologiýalar ulanylýar.

Oba senagat pudagynyň bu ulgamyny ösdürmekde ýerli telekeçileriň işjeňligi artdy. Häzirki wagtda olar döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanylmaga berlen ýerlerde dürli kuwwatlykly we hususy ot-iýmlik meýdanlary bolan gaýtadan işleýän önmüçilikli döwrebap maldarçylyk fermalarynyň birnäçesini gurýarlar.

Demirgazyk sebitde maldarçylyk pudagynyň hajatlary üçin 15 müň tonnadan gowrak ýokary hilli ot-iýmler taýýarlanyldy, munuň özi tabşyrykda bellenilendäkiden artykdyr. Bu jogapkärli çäräniň üstünlikli amal edilmegi sebitiň howa şertlerine laýyklykda has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar.