Ï Belli küýzegär Bagtyýar Hojanyýazow täze eserlerini ýurduň we dogduk diýarynyň geçmişine bagyşlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Belli küýzegär Bagtyýar Hojanyýazow täze eserlerini ýurduň we dogduk diýarynyň geçmişine bagyşlady

view-icon 4013
Belli küýzegär Bagtyýar Hojanyýazow täze eserlerini ýurduň we dogduk diýarynyň geçmişine bagyşlady
Türkmenistanyň nakgaşlar birleşiginiň agzasy, Daşoguz welaýatyndan özboluşly küýzegär özboluşly işleriniň ikisini görkezdi. Onuň döreden wazalary diňe bir milli äheňleri bilen däl, eýsem uly göwrümi bilen tapawutlanýar. Olaryň biri beýikligi üç metr „Türkmenistan“ beýlekisi-- beýikligi iki metr „Ajap asyr“ wazalarydyr.

Zehinli küýzegäriň täze eserleri Özbegistanyň medeniýet günleri geçirilen günleri N. Andalyp adyndaky Daşoguz welaýat döwlet drama teatrynda goýuldy we üýtgeşikligi hem-de awtoryň göz öňünde tutanyny nepislik bilen ýerine ýetirenligi bilen uly gyzyklanma döretdi.

„Türkmenistan“ wazasynyň görnüşi we çeperçilik bezegi halkyň ruhy ýörelgeleriniň dowamatlylygyny, onuň baý tarhynyň şanly döwürlerini we häzirki üstünliklerini beýan edýär. Ussat küýzegär gündogar bezeglerini, gurluş we reňkler sazlaşygyny nepisden çeper ýerine ýetiripdir.

Bagtyýar Hojanyýazowyň ikinji işi gadymy Könürgenjiň taryhyna bagyşlanypdyr. Ussada küýzegärlik sungatynyň özboluşly üýtgeşik eserinde ÝuNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan özboluşly binagärlik dürleriniň kaşaňlygyny çeper beýan edipdir.

Ýurtda tanymal küýzegär we nakgaş Bagtyýar Hojanyýazowyň eserleri birnäçe gezek ABŞ-da, Eýranda, Özbegistanda we beýleki ýurtlarda gurnalan halkara sergilerinde görkezildi. Onuň iň gowy işleri Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde goýuldy.