Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk işgärleri ýokary hilli gök-miwe we bakja önümleri bilen azyk bazarlaryny üpjün etmek boýunça ýyllyk borçnamany amal etdiler. Şu güne çenli olar 4 müň 640 tonnadan gowrak kelem, 8,5 müň tonna golaý käşir, 17 müň 265 tonna sogan ýygnadylar, munuň özi bellenilendäkiden has köpdür.
Welaýatda witaminli önümleriň öndürilişi yzygiderli artýar, bu bolsa sebitiň ilatynyň islegini kanagatlandyrmaga we olary paýtagtyň bazarlaryna hem-de lomaý-bölek söwda edaralaryna ibermäge mümkinçilik berýär. Şu ýyl şeýle hem 48 müň tonna golaý kartoşka, 1 müň tonna hyýar, 14 müň 280 tonnadan gowrak pomidor, 58 müň 556 tonna bakja önümleri öndürildi, munuň özi meýilleşdirilen görkezijilerden has köpdür. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň „Döwletli“ daýhan birleşigindäki „Altyn gala gurluşyk“ hususy kärhanasynyň ýyladyşhansy ýaly hususy ýyladyşhanalar döredildi, bu ýerde 800 tonna pomidor we beýleki gök önümler ýetişdiriler.
Hünärmenleriň bellemegine görä, ekin meýdanlaryndan we suwdan rejeli peýdalanmak, sebitiň tebigat-howa şertlerine uýgunlaşan ekinleri saýlap almak, marketing meýilleşdirmesi we oba hojalyk innowasiýalaryny önümçilige işjeň ornaşdyrmak netijesinde miwe-gök, bakja ekinlerinden ýokary hasyl alyndy.