Senagat minstrliginiň “Türkmenmaşyngurluşyk” konserniniň Daşoguzdaky polimer önümler zawodynyň işgärleri şu ýylyň ilkinji aýynda jemi 265 müň manatlyk dürli önüm öndürdiler.
Kärhanada dürli diametrli polipropilen turbalar, şeýle hem azyk önümleri üçin ýeke gezek ulanylýan gaplar çykarylýar. Soňky ýyllarda zawodyň durky bölekleýin döwrebaplaşdyryldy. Onda Balkan welýatyndan getirlýän ýerli çig maldan önüm öndürilýär.
Daşoguz welaýatynda gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň birnäçesi bar. Olaryň aglabasy oba hojalyk pudagy bilen baglanşyklydyr. Muňa mysal edip, pagta arassalaýjy zawodlary, pagta egriji we tikinçilik fabriklerini, zyýansyzlandyrylan lukmançylyk sargy serişdelerini öndürýän kärhanany görkezmek bolar. Şeýle hem welaýatda gallany we şalyny gaýtadan işleýän, süýt, maldarçylyk we guşçulyk önümlerini öndürýän iri döwlet kärhanalary bar.
Demirgazyk sebitiň senagat ulgamy ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna-da ýaýraýar. Gubadag etrabynda on ýyla golaý mundan ozal hereket edýän käniň golaýynda ýokary hilli asfalt öndürýän kärhana gurlupdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan hususy kompaniýalar sebitiň senagatyny ösdürmäge we daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmäge hem-de daşary ýurtlara ugratmaga niýetlenen önümleri çykarmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Daşoguzda dürli görnüşli döwrebap örtgi serişdelerini öndürýän kiçi kärhananyň ümzügi ileri, sintetik haly önümlerini taýýarlaýan hususy kärhana gurulýar, türkmen polipropileni oňa çig mal bolup hyzmat eder.
Sebitde senagat infrastrukturasyny ösdürmegiň esasy ugurlary Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörüte Karary bilen kesgitlenildi, oňa laýyklykda ýokary tehnologiýaly senagat desgalary gurlar we hereket edýän kärhanalaryň durky täzeleniler.