Ï Hemra retranslýatory aragatnaşyk hyzmatlarynyň göşrnüşlerini artdyrar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hemra retranslýatory aragatnaşyk hyzmatlarynyň göşrnüşlerini artdyrar

view-icon 1846
Hemra retranslýatory aragatnaşyk hyzmatlarynyň göşrnüşlerini artdyrar
Üstüne «TürkmenÄlem 52.00E» milli aragatnaşyk hemrasyny telekiçilik esasynda ulanmak we hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek weziperi ýüklenen “Türkmen hemrasy” ÝGPJ teleporty- aragatnaşyk ulgamlarynyň toplumyny gurnaýar, olaryň kömegi bilen radiosignal özgerdilýär we «FSS» kanaly arkaly hemra berilýär. Şu ýerüsti enjamyň kömegi bilen hyzmatlaryň ençeme görnüşini geçirmek ýa-da retranslýasiýa etmek mümkin bolar.

Teleport üçin enjamlar Belgiýanyň NEWТEC, şeýle hem ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Kanadanyň, Beýik Britaniýanyň, Koreýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy kompaniýalaryndan alyndy. Olar hemranyň kanallaryny işletmäge, mutipliksirlemäge, modullaşdyrmaga we Ku- diapazondaky antennany ulanyp retranslýasiýa etmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa şu serişdäniň netijeliligini üç essä golaý ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Hemranyň mümkinçilikleri ony ýerüsti stansiýalaryň arasynda ulanmaga, giň gerimli internet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge, uzak aralykdan bilim bermegi, wideomaslahatlary, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini guramaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, VSAT ulgamy ilatly ýerlerden daşda ýerleşýän hemişelik ýa-da wagtlaýyn önümçilik meýdançalary, meselem, nebit we gaz ýataklary, gazkompressor we nebiti sorup çykarýan stansiýalar, seýsmologik barlag toparlarynyň ýerleşýän ýerleri, oba senagat toplumynyň desgalary bilen dessin gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Häzirki wagtda «TürkmenÄlem52.00E» hemrasy milli telewideniýäniň gepleşiklerini alyp görkezýär. Hemra kanallarynyň ýokary derejede hyzmat ediş mümkinçiligi telewizion ýaýlymlarynyň onlarçasynyň gepleşiklerini adaty ölçegde, şeýle hem has takyk alyp görkezmäge mümkinçilik berer. Hemra Merkezi Aziýa sebitini, şeýle hem Türkiýäni, Demirgazyk Afrikany we Ýewropanyň aglaba bölegini tutýar, onda işjeň aragatnaşyk kanallarynyň—tarnsponderleriniň 38-si bar. Olaryň 26-syny Türkmenistan ulanýar, galan 12-si «Space Systems International-Monaco S.A.M» kompaniýasyna kärendesine berildi.

Häzirki wagtda «FSS» hemra kanaly milli teleradioýaýlymlaryň, şeýle hem «TürkmenÄlem 52.00 E» ýygylyk edinmek islän daşary ýurt teleradioýaýlymlarynyň gepleşiklerini alyp eşitdirýär. Türkmen aragatnaşyk hemrasynyň transponderlerini kärendesine bermek barada daşary ýurt kompaniýalary bilen gepleşikler geçirilýär.

«TürkmenÄlem 52.00 E» hemra telefon gatnaşyklaryny, bir-birinden 10-15 müň kilometr uzaklykda ýerleşýän ýerüsti stansiýalaryň arasynda maglumatlary geçirmäge we beýleki aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Uzak aralykarda, şol sanda ýerüsti ulgamalry ulanmak ykdysady taýdan amatly bolmadyk ýerlere çenli birbada ulanyjylaryň ençemesine maglumatlary berip bilýär. Şonuň üçinem älem retranslýatoryna goşulýan alysdaky ilatly ýerleriň sany barha artar.

Ýurdumyzyň dürli minstrlikleridir pudak edaralary-da milli hemranyň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. “Türkmen hemrasy” ÝGPJ ýurdumyzyň nebit-gaz ulgamynda işleýän iri daşary ýurt kompaniýalaryna hyzmat edýär. VSAT tehnologiýalaryň ulanylmagy we olaryň ulanyş çäginiň giňeldilmegi älem aragatnaşygynyň funksional mümkinçiliklerini ýokarlandyrar. Türkmen hünärmenleriniň öňünde taslamadan aňryçäk peýda almak üçin milli älem aragatnaşygy ulgamynyň ilkinji hemrasynyň mümkinçiliginden peýdalanmak wezipesi durýar.