Ï Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugrukdyrylan önüm çykarmak boýunça maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda eksporta ugrukdyrylan önüm çykarmak boýunça maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär

view-icon 1099
Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda  eksporta ugrukdyrylan önüm çykarmak boýunça maksatnama üstünlikli durmuşa geçirilýär
Mart aýynyň başynda Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýokary oktanly A-98 (Ýewro-5 ölçegli) benzin öndürmek boýunça enjamyň işe girizilenine bir ýyl bolýar. Mälim bolşy ýaly, şu belgili benzin düzüminde kükürdiň we ysly polisiklik uglewodlaryň möçberiniň pesligi bilen tapawutlanýar, netijede awtoulaglaryň dolandyryjysynyň ulanylyş möhleti uzalýar we hili ýokarlanýar hem-de howa goýbelýän zyýanly galyndylar azalýar.

Bu döwrebap önümçiligi Amerikanyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy işe girizdi. Awtomatiki dolandyryş ulgamy bilen üpjün edilen enjamyň taslama kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna halkara ölçeglerine laýyk gelýän önüm öndürmäge niýetlenendir.

Zawodda çykarylýan 50/80 belgili göni arassalanan benzin turbalar bilen täze desga gelip düşýär. Ol gyzdyrmak we sowatmak, gerekmejek galyndylardan arassalamak, wodorodlar bilen garyşmak ýaly çylşyrymly amallardan geçirilip, ahyrsoňy ýokary kondisiýa ýetitilip, gyzgynlygyna haryt-çig mal sehine düşýär. Tehnologiýk ulgamyň ähli tapgyry kompýuterleriň displeýinde görünýär. Dolandyryş merkezinde gije-gündiziň dowamynda ekranlara syn edip oturan operatorlar oňa gözegçilik edýärler, zerurlyk çykanda Lebapdaky we Ahaldaky ýataklardan alynýan nebitden göni arassalanyp alynýan benzinden hili gowulandyrylan A-98 belgili benzin çykarmagyň tapgyrlaryna düzediş girizýärler.

--Bizde çalşykly iş usulynda kyrk adam zähmet çekýär,--diýip enjamyň başlygy, Kazanyň himiýa-tehnologik institutynyň nebit himiýasy fakultetiniň uçurymy Arslan Bekiýew gürrüň berýär. –Olaryň ýaryna golaýy ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan ýokary bilimli hünärmenlerdir.

Ýewro-5 ölçegli benzin çykarmak boýunça enjamyň işe girizilmegi ýurdumyzda uglewodorod çig malyny guňňur gaýtadan işlemäge we ondan alynýan ýangyç-çig mal serişdeleriniň ekologiýa görkezijilerini ýokarlandyrmaga alnan ugruň maksada gönükdirilip amala aşyrylýandygyny görkezýär. Öz gezeginde, munuň özi ýerli ýangyjyň ulanylyş sypatlarynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Onuň artykmaçlyklary göze ilýär, Seýdidäki täze önümçiligiň önümi goňşy Owganystana iberilýär. Munuň özi 2016-njy ýylyň ahyrynda Kerki-Ymamnazar –Akina (OYR) halkara demir ýolunyň birinji nobatdakysy açylandan soň mümkin boldy.

Üç ýyl mundan ozal Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda kärhanada çykarylýan mazutdan ýol bitumyny öndürmek boýunça döwrebap enjamyň işe gizilendigini hem aýtmak gerek. Onuň taslama kuwwatlylygy 37 müň tonna daşary ýurtlardan alynýan önümlere derek ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümdir. 2018-2024-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynyň innowasion ösüş ýoly dowam etdiriler.