Ýokumly iýmitli kiçi gaplarda boý alan nahaljyklar inkubatorlarda saklanylar, soňra ýyladyşhana ugradylyp, ol ýerde 1 gektardan açyk meýdanda 250 gektar ýere eker ýaly nahal alnar.
Mart aýynyň ahyrynda howa şertleri amatly bolsa “Ruhubelendiň” gök ekarançylary nahallaryň millionlarçasyny oturdyp, hasyly ýetişýänçä dört gezek hatarara bejergi geçip, suwaryp, ekinnlere dökün bererler. Tomsuň ilkinji aýyndan başlap bişen pomidorlar gaýtadan işlenilip ugrar. Kärhanada pomidoryň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine has gowy uýgunlaşan, miweleri gaplamaga amatly ýokary hasylly çaknyşdyrylan golland görnüşleri ýetişdirilýär. Paýdalar jemgyýetiniň ýyladyş toplumynda pomidoryň beýleki, şol sanda seçgi esasynda alnan ýerli görnüşleri-de synag edilýär.
Paýdalar jemgyýetinde habar berlişi ýaly, zawodyň önümçilik kuwwatlylygy bir gije-gündizde 800-900 tonna pomidory gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Kärhana üçin çig mal onuň ýüzlerçe gektar hususy ekin meýdanlarynda ýetişdirilýär. Emma Azyk senagaty döwlet birleşiginiň tabşyrygy bilen Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň kärendeçilerinden “Ruhubelent” üçin has köp möçberde pomidor satyn alynýar. Şunda
Paýdalar jemgyýeti özüne önüm iberijileri pomidoryň sebitleşdirilen görnüşleriniň nahallary ýa-da tohumy bilen üpjün edýär we ýetişdirilen hasyly bazar bahasyndan satyn alyp, daýhanlaryň hyzmatdaşyga islegini höweslendirýär.
Ýurdumyzyň gök-miwe pudagynyň öňdebaryjysy bolan bu kärhana ýerli alyjylaryň gowy tanaýan ekologiýa taýdan arassa pomidor goýaltmasyny, üwmeç we adybir belgili şirelri çykarýar. “Ruhubelendiň” önümleri daşary ýurtlarda hem tanalýar.