Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek—innowasion ösüşiň esasy ugrudyr
Ýurdumyzyň ösüşiniň ylym we bilim ýaly möhüm ugurlarynda 2017-nji ýylyň wajyp wakalaryna syn bermek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ylym-bilim syýasatynyň okuwyň ählumumy elýeterliligini üpjün etmekden, her bir raýatyň ukybyndan we zehininden doly peýdalanmak üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdygyny bellemelidiris.

Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Şoňa görä-de, syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegini döwrebap tehnologiýalardan peýdalanmagy başarmagyny, ýagny ýokary bilimli we hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.

Ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň, bir tarapdan, düýpli we amaly ylymlar ulgamynda öňdeligi eýelemäge çalyşmagy, beýleki tarapdan bolsa, barlaglaryň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagynyň depginleriniň güýçlendirilmegi innowasiýalar hem-de ösüş döwrüniň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ylmyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylaryň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä eýe bolýar.

Häzirki döwürde ylmy işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň iri ylym-bilim merkezleri, halkara guramalar we gaznalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler has-da giňeldi. Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary hem muňa şaýatlyk edýär. Olara daşary ýurt döwletlerinden köp sanly myhmanlar gatnaşýar.

12-nji iýunda Ylymlar gününe gabatlanylyp geçirilen “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” diýen halkara maslahat möhüm çäreleriň biri boldy. Oňa ýurdumyzyň alymlaryndan, mugallymlaryndan we ýaş hünärmenlerinden başga-da, dünýäniň onlarça ýurdundan ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara hem-de ýurdumyzyň tutuş ylym jemgyýetçiligine iberen Gutlagynda biziň esasy maksadymyzyň Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni we ylmy giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakdan hem-de şunda ýokary tehnologiýalara we oňyn tejribä daýanmak bilen, ylmyň ösüşini çaltlandyrmakdan ybaratdygy bellenilýär.

Ylymlar güni ägirt uly özgertmeler eýýamynyň peýda bolmagy bilen döredildi. Şol özgertmeleriň esasyny bolsa oýlanyşykly ylmy çemeleşmeler hem-de ylmyň öňdebaryjy gazananlary düzýär. Hormatly Prezidentimiz bu uly işe 2007-nji ýylda badalga berdi, şonda milli Liderimiz, ilkinji nobatda, bu ulgamy düýpli täzelemek boýunça çärelere ünsi çekdi.

Şol geçen on ýylyň dowamynda giň möçberli işler geçirildi — ýurdumyzyň ylmynyň ygtybarly hukuk binýady döredildi, esasy maksatlar hem-de wezipeler, ylmy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi, degişli iri halkara guramalary we merkezleri bilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň başy başlandy.

Maslahata gatnaşyjylar bilimleriň dürli ulgamlaryny ösdürmegiň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ylmy barlaglarynyň netijeleri barada pikir alyşdylar, hyzmatdaşlyk etmek we bilelikde işlemek üçin netijeli ugurlary kesgitlediler.

Halkara ylmy maslahatyň umumy mejlisiniň barşynda türkmen alymlarynyň uly toparyna lukmançylyk, ykdysady, himiýa, tehniki, oba hojalyk, taryh, filologiýa, mugallymçylyk ylymlarynyň, sungaty öwrenişiň doktorynyň we kandidatynyň diplomlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ylmy çykyşlarda energetikadan başlap, ekologiýa çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň usulyýet we amaly meseleleri beýan edildi.

Maslahata gatnaşyjylar Ylymlar gününe bagyşlanan ýaş türkmen alymlarynyň ylmy bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna hem gatnaşdylar.

Bu ulgamyň ýaş wekilleriniň işleriniň döwlet gözden geçirilişi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döredildi we türkmenistanlylaryň ýokary bilimli neslini, milli ylym mekdebiniň hakyky ilerledijilerini kemala getirmek boýunça ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bu bäsleşige ylmy-barlag institutlarynyň, önümçilik birleşikleriniň, ylmy-tehniki kärhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary, ylmy-barlaglara uly gyzyklanma bildirýän dürli hünärleriň wekilleri gatnaşdylar.

Gözden geçirilişe ýaş zehinleriň müňden gowragy gatnaşyp, olar häzirki zaman ylmynyň wajyp ulgamlaryny özüne birleşdirýän alty ugur boýunça ylmy işläp taýýarlamalary bilermenler toparynyň garamagyna hödürlediler. Şol ugurlaryň hatarynda nano we himiýa tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat-kommunikasiýa ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; lukmançylyk we derman serişdeleriniň önümçiliginiň tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary bar. Emin agzalary işleriň mowzuklarynyň derwaýysdygyna, olaryň netijeleriniň iş ýüzündäki ähmiýetine we önümçilige ornaşdyrylyşyna, ylmy täzeligiň derejesine baha berip, ýeňijileri kesgitledi.

Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy — Ylymlar akademiýasy hereket edýär, onuň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki syýasaty durmuşa geçirilýär. Eýýäm häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň geňeşi işjeň hereket edýär. Onuň işine talyplar we olaryň halypalary bolan mugallymlar gatnaşýarlar. Bu ylym-bilim düzümleriniň ulgamy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň höwesini we başlangyçlaryny goldamaga, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge ýardam bermäge, ýaşlaryň halkara maslahatlaryna we duşuşyklara, şol sanda daşary ýurtlarda geçirilýän çärelere gatnaşmagyny üpjün etmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň ylmy-barlaglarynyň ileri tutulýan ugurlary nebit we gazhimiýa, elektroenergetika, gurluşyk serişdeleriniň senagaty, uglewodorod, mineral we beýleki peýdaly gazylyp alynýan serişdeleri çykarmak we gaýtadan işlemek, nanokompozision materiallary döretmek, suwy arassalamagyň usullary, gazyň çykarylyşyny artdyrmak, seýsmohowpsuzlygy üpjün etmek ýaly ylmy-barlag ugurlarynda jemlenendir. Bu ylmy-amaly wezipeleri çözmegi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň alymlarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipe hökmünde kesgitledi.

Geçen ýyl Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň alymlarynyň Köpetdagyň esasy gerşini bilelikde barlamak boýunça ilkinji netijeleriniň, kosmos geodeziýasy, ulag-logistika, şäher hojalygyny dolandyrmak ulgamlaryna we beýlekilere öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribäniň tanyşdyrylyşy geçirildi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde ýurdumyzyň hünärmenleri tebigy serişdeleri toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň innowasion tehnologiýalarynyň üstünde işleýärler, tebigy ylymlaryň mikrobiologiýa, bioekologiýa, himiýa, botanika ýaly ulgamlarynda amaly barlaglary alyp barýarlar.

Alymlar diňe bir barlaghanalarda däl, eýsem, tebigy goraghanalarda, çäkli goraghanalarda zähmet çekip, miweli agaçlaryň, dermanlyk ösümlikleriň we beýleki ekinleriň ýabany görnüşlerini öwrenýärler. Şunda esasy maksat olaryň gymmatly, seýrek duş gelýän we gadymy görnüşlerini, ýurdumyzyň baý “ýaşyl” genofonduny saklamakdan ybaratdyr.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, agrar ylmynyň wezipeleri, oba hojalygyny — maldarçylygy, guşçulygy we ekerançylygy innowasion taýdan ösdürmegiň, weterinariýanyň we zootehnikanyň hem-de gen inženeriýasynyň, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň, galyndylary gaýtadan işlemegiň, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň we ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreşmegiň meseleleri öwrenilýär.

Alymlar we hünärmenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşiniň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, akademiki institutlarda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde düýpli ylymlara aýratyn üns berýärler, bäsdeşlige ukyply, ykdysady taýdan netijeli barlaglary alyp barýarlar, önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Älem giňişligine “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasynyň çykarylmagy bilen, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýokary hünärli hünärmenleri we alymlary taýýarlamak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Olar kommunikasiýalar, kosmos, robot tehnikasy, mikroelektronika ýaly ugurlar boýunça usulyýet we amaly işleri geçirerler.

Ynsanperwer ylymlar ulgamynda bilim syýahatçylygy, ýokary netijeler sportunda we bedenterbiýe-sagaldyş hereketinde innowasion tehnologiýalar, etnoekologiýa däpleri, kompýuter lingwistikasy, mugallymçylyk, sungaty öwreniş, aýdym-saz we edebiýaty öwreniş ýaly meselelere garalýar.

Alymlar taryhy hem-de arheologik barlaglary geçirýärler. Dünýä ylmynyň wajyp meselelerine bagyşlanan maslahatlar, şeýle hem ýurdumyzyň baý tebigatyny, taryhyny we medeniýetini öwrenmäge ýardam edýän ekspedisiýalary guraýarlar.

Birmahallar ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri öwrenmek boýunça işler dowam etdirilýär. Olaryň jemi 70-si (Ahal welaýatynda — 9-sy, Balkan welaýatynda — 17-si, Mary welaýatynda — 8-si, Daşoguz welaýatynda — 11-si we Lebap welaýatynda — 25-si) hasaba alyndy. Umuman, Türkmenistanda halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek we giňden wagyz etmek ulgamynda ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýöne, entek edilmeli işler, şol sanda milli maddy däl medeni mirasy ýygnamak, öwrenmek we aýawly saklamak boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilmeli işler köp.

Häzirki wagtda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek hakyndaky başlangyjy adamlarda uly seslenme döredip, halklary hem-de döwletleri innowasion esasda birmahallar meşhur bolan parahatçylyk, dostluk we raýdaşlyk ýollaryny gaýtadan dikeltmäge çagyrýar hem-de ählumumy ylalaşygy, durnukly ykdysady ösüşi pugtalandyrmaga ýardam edýär. Gadymy ýoluň taryhy dünýäniň halklarynyň arasyndaky täsin medeni gatnaşyklaryň hem-de özara baýlaşmagyň ýyl ýazgysydyr.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň alymlarynyň işiniň diňe bir aýry-aýry ugurlarydyr. Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly ösmegi we hemmetaraplaýyn rowaçlanmagy mümkin däldir diýip, milli Liderimiz nygtaýar hem-de innowasiýalary ýurdumyzyň strategik artykmaçlyklaryny ýokarlandyrmagyň ýoly hasaplaýar.

Türkmenistan ylym-bilim kuwwatyny parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga gönükdirip, esasy halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylym merkezleri bilen ylmy, tehniki, innowasion-tehnologiki hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýär. Ýurdumyz bilim işine dünýä ülňülerini ornaşdyrmak bilen, ynsanperwer ulgamda BMG, Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. “TEMPUS-TASIS” ýaly bilim maksatnamalarynyň çäklerinde dürli taslamalaryň amala aşyrylmagy döwletimiziň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleriniň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň çäginde hereket edýän halkara guramalary — ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO bilen bilelikde işler alnyp barylýar.

Uzak Gündogar, Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleri, Orta hem-de Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlarynyň iri merkezleri bilen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Türkmenistanyň 2017 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň ylym we tehnika baradaky komissiýasyna saýlanylmagy döwletimiziň halkara ylym-bilim giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Oktýabr aýynda Aşgabatda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I türkmen-hytaý forumy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehnika ministrligi guradylar.

Bu forum Türkmenistanyň hem-de HHR-iň ylmy edaralarynyň, alymlarynyň we hünärmenleriniň arasynda energiýanyň alternatiw çeşmeleri, energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar, oba hojalygyndaky, himiýadaky, seýsmologiýadaky, lukmançylykdaky, derman senagatyndaky, biologiýadaky innowasiýalar ulgamlarynda tejribe alyşmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini gözlemäge gönükdirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamasy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 9-njy oktýabrda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda pudaklary döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de bazar usullaryny ornaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda bu işleri geçirmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Milli Liderimiziň gol çeken “Erkin ykdysady zolaklar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny sebitleýin çemeleşmelere hem-de tehnologik gazanylanlara esaslanýan ykdysadyýeti döretmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Onda ýörite tehniki zolaklar, şol sanda tehnoparklar we tehnopolisler hem göz öňünde tutulandyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistanda ylmy we işewürligi önümçilik bilen birleşdirmek, innowasion kärhanalary döretmek üçin amatly şertler döredilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz we Bitarap Watanymyz dünýäde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde tanalýar. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň täze taryhy tapgyry ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bilelikde, bilim ulgamynyň hem yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.

Türkmenistanda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamynda baý tejribe toplanyldy. Iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň döwrebap binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň ajaýyp bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertleri döredýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, biziň esasy wezipämiz halkymyzyň taryhyny bilýän, ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, Garaşsyz Türkmenistanyň şan-şöhratyny has-da artdyrmaga çalyşýan hakyky watançylaryň ýokary bilimli neslini ýetişdirmekden ybaratdyr.

2017-nji okuw ýylynyň başynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze desgalar ulanylmaga berildi. Türkmen paýtagtynda uly baýramçylyk Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynda her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň birbada üçüsiniň, Köşi ýaşaýyş toplumynda her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň ikisiniň açylmagy bilen utgaşdy. Körpeler üçin bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň ikisi guruldy.

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň ilaty hem Bilimler we talyp ýaşlar gününi giňden hem-de dabaraly belledi. Sarahs etrabynda her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň ikisiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Bilim pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde, mekdepleriň okuw tertipnamasyna düýpli täzelikler girizildi. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň esaslary, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, taýýarlama we grafika, maglumat-kommunikasiýa we täzeçil tehnologiýalar ýaly dersler binýatlaýyn sapaklaryň hataryna goşuldy. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak wezipesi himiýany, biologiýany we beýleki dersleri çuňňur öwrenmegi esasy ugur edinýän ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegi ýaly meseleleri öňe çykardy.

Mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi köpugurly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geriminiň giňelýändigini we ösýändigini nazara almak arkaly kabul edildi. Iňlis, fransuz, nemes we ýapon dillerini çuňňur öwredýän okuw mekdepleri hereket edip başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýurdumyzyň mekdepleriniň 1-nji synp okuwçylaryna ýörite maksatnamasy bilen üpjün edilen netbuklaryň sowgat berilmegi şatlykly waka öwrüldi.

Munuň özi okuw döwrüniň hemmetaraplaýyn ösüşini şertlendirýär.

Özüniň netbuky bilen mekdep maksatnamasyny özleşdirmegi dowam edýän 1-nji we 2-nji synp okuwçylary üçin multimediýa gollanmalary taýýarlanyldy.

Okuw edaralarynyň okuw-usulyýet gollanmalary, şol sanda döwrebap okuw kitaplary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça ägirt uly işler ýerine ýetirildi. Mekdep mugallymlary, Bilim ministrliginiň belli hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümleri, Ylymlar akademiýasynyň işgärleri bu ugra işjeň çekilýär. Döwlet Baştutanymyz olaryň öňünde möhüm wezipeleri goýmak bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe häzirki zaman okuw mekdepleriniň diňe bir ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin enjamlaşdyrylan okuw binýady bolmak bilen çäklenmän, eýsem, milletiň aň-paýhas kuwwatyny doly durmuşa geçirmäge gönükdirilmelidigini belledi.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň dürli ders ugurlary boýunça geçirilýän abraýly olimpiadalarda her ýylda üstünlik gazanmagy bilim ulgamynda amala aşyrylýan täzeçil özgertmeleriň oňyn netijesidir. 23 — 30-njy aprelde Gazagystanyň paýtagtynda himiýa boýunça 51-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary birnäçe kümüş we bürünç medallary eýeledi.

Döwlet energetika institutynyň talyplary ykdysadyýet, amaly mehanika, informatika, metallaryň garşylygy, ekologiýa, statistika dersleri boýunça kompýuteriň on-line görnüşinde Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşdylar.

Olimpiadany Russiýa Federasiýasynyň bilimiň hiline barlag boýunça Ylmy-barlag instituty we bilim ulgamyndaky innowasiýalara goldaw bermek baradaky Milli gaznasy gurady. Bu bäsleşigiň jemleýji tapgyryna 2125 talyp gatnaşdy. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Sloweniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bar.

Döwlet energetika institutynyň wekilleri bu bäsleşigiň wezipelerine üstünlikli hötde gelip, taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny tassykladylar. Ders synaglarynyň netijeleri boýunça türkmen talyplary jemi 7 medal, şol sanda 4 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gazandylar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Belarus Respublikasynda geçirilen amaly-mehanika boýunça 13-nji halkara olimpiadasynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular.

Şunuň ýaly olimpiadalara gatnaşmak ýaşlara özüni, döredijilik ukyplaryny we ylmy mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, işe bolan erki pugtalandyrmaga, halkara derejede geçirilýän çärelerde ýurdumyzyň talyplarynyň taýýarlyk derejesini aýan etmäge kömek berýär.

2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň, Magtymguly adyndaky TDU-nyň himiýa fakultetiniň täze binasynyň açylmagy ähmiýetli waka öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň Jemagat hojalygy institutyny döretmek hakyndaky Permany ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň çäklerindäki möhüm wakany alamatlandyrdy. Onuň baş maksady halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki bu ýokary okuw mekdebi täze görnüşli, ägirt uly depginler bilen ösmegini dowam edýän hojalyk toplumyna hyzmaty ýola goýmak, şäherleriň we obalaryň durmuş üpjünçiligi boýunça täze görnüşdäki hünärmenleri taýýarlaýar.

Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumynyň göwrümi 2 müň talyba niýetlenip, 25 gektar meýdany eýeleýär. Bu okuw mekdebiniň düzüminde 5 fakultet we 17 kafedra bar. Bu ýerde 12 hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Hünäri kämilleşdirmek fakultetinde pudagyň işgärleri bilim derejelerini artdyrýarlar.

Şeýlelikde, kommunal hojalygy fakultetinde gozgalmasyz emläge ekspertiza we ony dolandyrmak; gurluşyk, awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, tonnelleriň ulanylyşy we tehniki remonty, binagärlik gurşawyň bezegi ýaly hünärler boýunça okuw alnyp barylýar.

Mehanika-tehnologiýa fakultetinde bolsa talyplar göteriji — ulaglar, gurluşyk we ýol maşynlary hem-de gurluşyk serişdeleri kärhanalary üçin enjamlar, inženerçilik ulgamlary, elektrik hereketlendirijiler we jemagat desgalaryny, tehnologiýa toplumlaryny awtomatlaşdyrmak bilen baglanyşykly bilimleri özleşdirýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek bu ýerde tehnosfera howpsuzlygy ulgamyndaky okuw maksatnamasy girizildi. Munuň özi zähmeti goramak, tehnologik ýagdaýlarda we önümçilikde bolşy ýaly, adaty şertlerde we adatdan daşary ýagdaýlarda senagat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hünärmenleri taýýarlaýan ugur bolup durýar.

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetinde ykdysadyýet we dolandyryş, buhgalter hasabaty we audit, maglumat ulgamy we tehnologiýa ýaly hünärler boýunça okuwlar geçilýär. Fakultetiň esasy wezipesi täze tehnologiýalara ykdysady we ylmy-tehniki taýdan baha bermäge, kärhanalaryň täzeçil işiniň geljekki ugurlaryny degişli derejede kesgitlemäge hem-de marketing barlaglaryny geçirmäge ukyply ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr.

Häzirki zaman bazar şertlerinde jemagat hojalygy ulgamy üçin ykdysady ugry bolan hem-de ýokary bilim derejesine, köptaraply ukyba, netijeli dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge ukyply, şeýle hem tehniki taýdan sowatly we daşary ýurt dilini bilýän hünärmenler zerur bolup durýar. Institutyň ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti hut şeýle hünärmenleri taýýarlaýar.

Ýokary okuw mekdebinde halkara ülňülere doly kybap gelýän häzirki zaman tehnologiýalar we enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanalaryň 44-si bar. Şol sanda elektronika, tehnologik ýagdaýlaryň awtomatlaşdyrylan taslamalaşdyryş ulgamy, gurluşyk serişdeleri we önümleri, ösümlikleriň biohimiýasy, elektrik ýaly barlaghanalar bar. Munuň özi jemagat hojalygy pudagy üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlygyna hil taýdan täzeçil çemeleşmeleri äşgär edýär.

Bu ýerde döwrebap ýyladyşhana gurlup, onda geljekki hünärmenler Türkmenistanyň şäherlerinde we obalarynda gök zolaklary döretmek boýunça bilim alarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä özüniň ekologiýa syýasatynda aýratyn ähmiýet berýär. Şeýlelikde, ýakyn geljekde ýurdumyzyň şäherleriniň köçeleri täze görnüşe eýe bolup, Watanymyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün eder we ähli künjekde gözellik-amatlylyk ýagdaýyny döreder.

Ýokary okuw mekdebiniň çäginde talyplar üçin niýetlenen kaşaň sport toplumy bolup, onuň ikinji gatynda woleýbol, basketbol, el pökgüsi we kiçi futbol boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen sport zaly bar.

Iki gatly binada 350 orunlyk okalga zaly, internet-kafe, iş otaglary we maslahatlar zaly bar. Binanyň aşaky gatynda 350 müň kitap saklamaga niýetlenen ammar ýerleşýär.

Her biri 325 orunly, 4 gatly, dört sany umumy ýaşaýyş jaýlarynda göwnejaý ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir. Olaryň birinde ýaş hünärmenlere niýetlenen bir we iki otagly öýleriň 32-si bolan ýaşaýyş jaý ýerleşýär. Umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi mugallymlar maşgalalarynyň 32-sine niýetlenendir.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň we iri ylym-bilim hem-de medeniýet merkezleriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda TDU-nyň okuw binýady düýpli döwrebaplaşdyryldy. Baş bina, fizika, matematika we geografiýa fakultetleriniň täze binalary guruldy. Bu ýerde täze hünärler yzygiderli açylýar. Ylmy işgärleri, aspirantlary we doktorantlary taýýarlamak işi alnyp barylýar.

Himiýa senagaty milli ykdysadyýetimiziň ägirt uly serişde kuwwatyna eýe bolan hem-de sazlaşykly ösýän pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary we döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalaryň gurluşygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda TDU-nyň himiýa fakultetiniň binalar toplumyny Türkmenistanyň şähergurluşyk babatda ozaldan gelýän hyzmatdaşy hem-de tutuş uniwersitet şäherçesiniň baş potratçysy Fransiýanyň belli “Buig Batiman International” kompaniýasy gurdy. Bu ýerde birbada müň talyp bilim alyp bilýär.

Binalar toplumynda ýokary tehnologiýaly enjamlar, synag himiýa, diplom işlerini ýazmaga niýetlenen barlaghanalar, lingafon we kompýuter otaglary, döredijilik barlaghanalary, okalga we multimediýa zallary talyplaryň hyzmatyndadyr.

Täze desganyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz bilimler merkezidir. Şeýle ýurtda bolsa ýaşlar talabalaýyk okap, bilim almalydyr. Döredijilikli zähmet bilen meşgullanmalydyr hem-de ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da artdyrmalydyr. Talyplaryň okuw, ylym we hünär taýýarlygy hemişe ýokary derejede bolmalydyr. Olar başarjaň, ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmelidir. Ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary bolsa öz işiniň ussatlary bolmalydyr hem-de okuw işine döwrebap enjamlary we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmalydyr. Hemişe şeýle boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.

2017 — 2018-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine jemi 8 müň 308 talyp kabul edildi. Munuň özi 2016-njy ýyldakydan 1052 adam köpdür (ösüş 14 göterime barabar).

Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurtlarda bilim alýan okuw mekdepleriniň çägi ýylsaýyn giňelýär. Ýurdumyzyň talyplaryny okatmak işi gazanylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýollanmasy boýunça amala aşyrylýar.

2016 — 2017-nji okuw ýylynda Türkmenistandan ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesi Russiýanyň, Belarusuň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Horwatiýanyň we beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyp şahadatnamalarynyň eýeleri boldy.

Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hünäri hem ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Türkmenistan Ýewropanyň, Aziýanyň, Amerikanyň abraýly ylym we bilim merkezleri bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýup, şu döwletlerde öz talyplarynyň sanynyň ep-esli artmagyny gazandy, halkara ylmy barlaglara, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky alyşmalara gatnaşmagyny giňeltdi.

Ýaş türkmen alymlarynyň ylmy taýýarlygy dowam etdirmäge, hünärini ýokarlandyrmaga, ylmy iş bilen meşgullanmaga gyzyklanmasynyň artmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzda düýpli we amaly ylmy ösdürmek, onuň ylmy-enjamlaýyn kuwwatyny berkitmek, milletiň täze intellektual gatlagyny kemala getirmek boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Aspirantlaryň, doktorantlaryň we dalaşgärleriň okaýan hünärleri boýunça sanawy milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň belli bir işgärlere bolan islegini nazara almak arkaly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň teklipleri esasynda bellenilýär. Şunuň netijesinde, aspiranturanyň, doktoranturanyň täze uçurymyna ýa-da alymlyk derejesine eýe bolan dalaşgäre, her bir hünärmene alan bilimini iş ýüzünde ulanmaga mümkinçilik döredilýär.

Görnüşi ýaly, ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimini dowam etdirmek üçin ýurdumyzda zerur binýat işjeň ösdürilýär. Elbetde, munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlarynyň arasynda ylma bolan höwesiň hem-de ylmy barlaglar bilen meşgullanmak isleýänleriň sanynyň artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, eýýäm ýakyn ýyllarda türkmen alymlarynyň we hünärmenleriniň ýaş nesliniň kemala gelmegi üçin ähli şertler bar. Olar ýurdumyzyň ylmyny täze hil derejesinde ösdürip, ýokary sepgitlere çykarar.

Şeýlelikde, geçen ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy netijesinde, ylym-bilim ulgamynda ýurdumyzyň taryhynda uly üstünlikler gazanyldy. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, türkmen halkynyň abadançylygynyň pugtalandyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri açýar.