Çäräniň hormatly myhmanlarynyň arasynda Saud Arabystanyndan sport awtoulag ýaryşlarynyň tanymal sürüjisi, ralli – reýd boýunça dünýä çempionatlarynda, şol sanda Pariž – Dakar ýaryşynda birnäçe gezek ýeňiş gazanan Ýazid Al-Raji bardy, ol öz topary bilen geljekki ýaryşa gatnaşmagy göz öňünde tutýar.
Metbugat maslahatynyň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine taýýarlyk meselelerine uly üns berýär. Häzirki wagtda ýurtda ony guramak boýunça toplumlaýyn iş alnyp barylýar. Sport babatda ähmiýetinden başga-da , “Amul-Hazar 2018” taslamasy taryhy – medeni mirasy we ýurduň häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmäge, şeýle hem Türkmenistanyň Garagum çölüni ÝuNESKO-nyň Bütindünýä Mirasynyň sanawyna goşmak jähtinden bu özboluşly tebigy merjeni bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Metbugat maslahatynyň barşynda Ýazid Al-Raji ralli-reýde çagyralandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, geljekki ýaryş dartgynly geçer we türgenlerden ýokary ussatlygy talap eder. Saud arabystanly türgen öz toparynyň üstünlik gazanjakdygyna ynam bildirip, bu abraýly halkara ýaryşyna ussat türgen hökmünde gyzyklanma bildirýändigiini nygtady.
-Biz Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga, tejribe alyşmaga, wekilýetlerimiziň bilelikdäki saparlaryna, türgenleri taýýarlamaga, sport awtoulaglaryny sürüjileriň we ulaglara hyzmat edýänleriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga taýýar – diýip Ýazid Al-Raji belledi.
Ýazid Al-Raji Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabyny sowgat hökmünde minnetdarlyk bilen kabul edip, bu eseri okamagyň Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky özara gatnaşyklarynyň taryhynda gadymy kerwen ýolunyň ähmiýeti baradaky düşünjesini baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Şeýle hem maslahata gatnaşanlaryň ählisine tematiki maglumatlar we wideoşekilli materiallar gowşuryldy. Metbugat maslahatyndan soň sadaka berildi.