Ï Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze - 2019-njy ýyl bilen gutlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze - 2019-njy ýyl bilen gutlaýarlar

view-icon 1158
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz!

Gelip ýeten Täze ýyl maňa Size we Siziň ýurduňyza parahatçylyk, gülläp ösüş we bagt baradaky arzuwlarymy ibermek üçin ýakymly mümkinçilik döredýär.

Serjio Mattarella,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi Täze, 2019-njy ýyl bilen gutlaýaryn.

Geçen ýylda Belarus Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe boldy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň belarus we türkmen halklarynyň bähbidine ýola goýulýan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin pugta binýat boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt, ähli meýilnamalaryňyzy we başlangyçlaryňyzy durmuşa geçirmekde üstünlik, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti


* * *

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa


Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn.

Hormatlamak bilen,
Pýotr Poroşenko,
Ukrainanyň Prezidenti