Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bilen özara hyzmatdaşlygyny uzak möhletleýin esasda hemmetaraplaýyn ösdürmek, bu hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasyna 2019-njy ýylyň 25 — 26-njy fewralynda Aşgabat şäherinde «Hazar deňziniň biologik serişdeleriniň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilige) garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň» taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek tabşyryldy.