Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine Myrat Orazgulyýewiç Garryýewiň atlaryny dakmak hakynda” Karary, şeýle hem “Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Karary kabul etdi.