Ï Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

view-icon 1168
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hanym Sahle-Work Zewdä «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.