Ï Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

view-icon 1233
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!


Sizi tatarystanlylaryň adyndan hem-de öz adymdan Nowruz baýramy bilen gutlaýaryn.

Baharyň buşlukçysy bolan bu gadymy ajaýyp dessur döredijilik ylhamyna beslenip, onuň bilen ýagşy umyt-arzuwlar baglydyr. Goý, olaryň hemmesi hasyl bolup, halklarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we dostlugy berkitmek boýunça umumy tagallalarymyz ählumumy parahatçylygy we agzybirligi gorap saklamak, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek işine mynasyp goşandymyz bolsun!

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.