Ï FIAS-yň Prezidenti: Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň uly üstünlik bilen geçjekdigine ynanýaryn
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

FIAS-yň Prezidenti: Aşgabatda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň uly üstünlik bilen geçjekdigine ynanýaryn

view-icon 729
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!


Halkara sambo federasiýasynyň (FIAS) adyndan hem-de hut öz adymdan FIAS-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 2019-njy ýylyň 22-nji martynda geçirilen mejlisinde 2020-nji ýylda sambo boýunça dünýä çempionatyny Aşgabat şäherinde geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini Size ýetirýärin.

Şu çözgüt bilen Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de Türkmenistanda sport çärelerini guramaga dünýä derejesinde çemeleşilýändigini bellemek isleýärin. Türkmen paýtagtynda sambo boýunça dünýä çempionatynyň ýokary derejede guraljakdygyna hem-de üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirýärin.

Size sportuň bu görnüşine uly üns berýändigiňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge hem-de bütin dünýäde sambony ösdürmek boýunça bilelikdäki işiň mundan beýläk-de ösdürilmegine saldamly goşant goşjakdygyňyza ynam bildirmäge rugsat etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wasiliý ŞESTAKOW,
Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti.