Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä ýaýmakda, şan-şöhratyny has-da belende götermekde, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň haly tikinçisi Amandursun Niýazmämmedowna Gurbansähedowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Altyn Nurberdiýewna Ýolamanowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Tylla Annaorazowna Halnepesowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy Körpe Ataýewa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Esenguly çeper halyçylyk kärhanasynyň Ajyýap bölüminiň halyçysy Akmeňli Gandymowna Muhammedowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Şukurjan Rahimowna Atajanowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Täzegül Reýimbaýewna Babekowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag haly önümhanasynyň halyçysy Gülruh Tirkeşowna Kakalakowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Boldumsaz haly önümhanasynyň halyçysy Gunça Bazarowna Rejepowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Akgül Kerimgulyýewna Hallyýewa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 3-nji önümhanasynyň halyçysy Annajemal Mämetweliýewna Hudaýnazarowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň gözegçi ussasy Agabeg Weliýewa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Güneşlik önümhanasynyň halyçysy Gözel Jumadurdyýewna Pygamowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Ajy önümhanasynyň halyçysy Annabeg Annamyradowna Rozyýewa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Ýazjemal Abdyrahymowna Gurbanowa,
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Türkmenhaly» önümçilik birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Murgap haly önümhanasynyň halyçysy Maýagözel Muhommetjumaýewna Mämmetdurdyýewa.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 24-nji maýy.