Ï Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdepleriniň käbiriniň rektorlaryny bellemek barada Permanlara gol çekdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary okuw mekdepleriniň käbiriniň rektorlaryny bellemek barada Permanlara gol çekdi

view-icon 4709
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
B.M.Taňryberdiýew hakynda


Baýram Mälikberdiýewiç Taňryberdiýewi Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
M.M.Kuliýewa hakynda


Maral Mämmetberdiýewna Kuliýewany Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
R.H.Amangeldiýew hakynda


Rasul Hangeldiýewiç Amangeldiýewi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory wezipesine belläp, ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ylmy-döredijilik işleri boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Ö.Işangulyýew hakynda


Öwezgeldi Işangulyýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet maliýe institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
S.Çaryýew hakynda


Saparberdi Çaryýewi, pensiýa gitmegi sebäpli, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
A.M.Orazalyýewa hakynda


Aýjemal Meňliýewna Orazalyýewany, pensiýa gitmegi sebäpli, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
N.A.Myratnazarowa hakynda


Nargözel Altyýewna Myratnazarowany Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory wezipesine belläp, ony Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
A.O.Saparow hakynda


Allaberdi Orazmämmedowiç Saparowy Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
A.Saparmuhammedow hakynda


Annamyrat Saparmuhammedowy, pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

* * *


Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
A.D.Aýdogdyýew hakynda


Amanmyrat Durdymyradowiç Aýdogdyýewi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory wezipesine belläp, ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.