Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina demir ýol stansiýasynda gurlan 10 kilometr demir ýol şahasynyň açylyş dabarasyna hem-de Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasyna gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary 2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolarlar.