Ï Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

view-icon 1249
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Muhammet An-Nasere Tunis Respublikasynyň Prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdi.

Hatda bellenilişi ýaly, Beži Kaid Es-Sebsi görnükli syýasatçy we döwlet işgäri bolup, Tunis Respublikasynyň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna, şeýle hem Tunisiň dostlukly halkyna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji sözlerini beýan etdi.