1. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň işini bes edip, onuň binýadynda Hazar deňzi institutyny döretmeli.
2. Hazar deňzi institutynyň işine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň üstüne ýüklemeli.
3. Hazar deňzi institutyny işini bes eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.
4. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmegiň milli gullugynyň adyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2001-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 3405-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2001-nji ýyldaky 5-nji ýygyndysynyň 299-njy maddasy) üçünji bölegini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy awgusty.