Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 1467
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Soltangeldi Berdiýewiç Babaýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 6/1-nji karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ýazmuhammet Orazmuhammedowiç Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VI gurultaýynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran 6/2-nji karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.