Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň durnukly ösüşi gazanylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça öňde durýan wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty karar edýär:
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň taryhy maslahatda eden çykyşynda öňde goýan wezipelerini — Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamaly.
2. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky teklibi biragyzdan goldamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine Konstitusion topar bilen bilelikde degişli işleri geçirip, taýýarlanylan resminamalary 2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine hödürlemegi tabşyrmaly.
3. Döwlet häkimiýet edaralary «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde Türkmenistany 2020-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabry.