Ï Türkmenistan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär

view-icon 454
«Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) başlygy RT halkara teleýaýlymy ady bilen has belli «ТВ-Новости» Awtonom täjirçilik däl guramasynyň arasynda habarlar maglumatlaryny alyşmak ulgamynda hyzmatdaşlyk we özara kömek hakynda Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky Buýruga gol çekdi.

Munuň özi türkmen köpçülikleýin — medianyň okyjylarynyň SANYNY artdyrmakda, ony halkara derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädimdir. Şeýle hyzmatdaşlyk iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek, şeýle hem täze tehnologiýalary peýdalanmak we bilelikdäki maglumatlar taslamalaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň žurnalistleriniň hünär derejesini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Milli Liderimiz Türkmenistan bilen beýleki ýurtlaryň arasynda maglumatlar hyzmatdaşlygy ulgamynda gatnaşyklary ösdürmek meselesini hemişe ýokary derejedäki gepleşikleriň, hökümetleriň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, döwlet we dünýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň barşynda ara alyp maslahatlaşýar.

Şunda möhüm ähmiýetli habarlary ýaýmagyň esasy guraly hökmünde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine esasy orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň metbugat we elektron neşirleriniň öňünde hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkara jemgyýetçiliginiň ýurdumyzyň häzirki güni, onuň ýeten belent sepgitleri we üstünlikleri barada habardarlyk derejesini ýokarlandyrmak üçin göni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça wezipeleri goýýar.

Şu maksat bilen türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýä maglumatlar giňişligine goşulyşmagynyň – halkara ugurdaş birleşikleriniň çäklerinde, şeýle hem ikitaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) tarapyndan birnäçe ýurtlaryň — Pakistanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we beýleki döwletleriň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara gol çekildi. Munuň özi bu döwletlerde hem-de tutuş dünýäde ýurdumyz barada dessin hem-de ygtybarly habarlaryň ýaýradylmagyna ýardam berýär.

Häzirki wagtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugry boýunça habarlar maglumatlaryny alyşmak we hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklaryň ýene-de birnäçesi taýýarlanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalistika işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, bu ulgamda möhüm düzümleýin özgertmeler geçirilýär, Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna bagyşlanan täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar, garaşsyz habarlar agentlikleri we täzelikler saýtlary, internet portallar döredilýär.

Köp sanly ulgamlaýyn, şol sanda pudaklaýyn, beýleki maglumatlar serişdeleri peýdalanyjylara ýurdumyz, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeler, Türkmen döwletiniň daşary syýasat strategiýasy bilen baglanyşykda halkara gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada resmi we aň-bilim maglumatlaryny hödürleýärler.

Tutuşlygyna alnanda, TDH bilen RT-niň hyzmatdaşlygy hakyndaky Ähtnama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy goldamaga, sebitde we Ýer şarynda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny goldaýan oňyn ynsanperwer syýasaty bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak üçin has giň we açyk ýaýlymlaryň, meýdançalaryň döredilmegine gönükdirilendir.

Halkara formatynyň iri çäreleriniň, meselem, ýakynda türkmen paýtagtynda uly üstünlik bilen geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň ýa-da 2020-nji ýylda geçirilmegine taýýarlyk görülýän Bitaraplygymyzyň ýubileýiniň hormatyna öňde duran dabaralara taýýarlanylmagynyň we geçirilmeginiň şöhlelendirilmeginiň nukdaýnazaryndan şeýle hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy kabul edilen «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» atly ýylda türkmen habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öz daşary ýurtly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge täze badalga almaklarynda aýratyn many-mazmun bar.

Çünki hut maglumat meýdançasy ýurtlaryň we halklaryň arasynda ykdysady we medeni gepleşikleri alyp barmak üçin netijeli meýdança, diplomatiýanyň we ösüşiň serişdesi, açyk, parahatçylyk söýüji özara gatnaşyklaryň binýady bolup hyzmat edýär.