Ï Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

view-icon 1523
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu sebitde umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly kuwwat bar.

Soňky ýyllarda dünýäde ykdysady görkezijileri babatda öňdäki orunlara çykýan Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň, şol sanda Gündogar we Günorta — Gündogar Aziýanyň döwletleri bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklar hil taýdan täze depgin we many-mazmun aldy.

Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti, onuň senagatlaşdyrylmagyny hem-de sanlaşdyrylmagyny düýpli özgertmäge tarap alnan ugur, milli Liderimiziň başyny başlan sebit we halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden hyzmatdaşlaryň ýurdumyz bilen uzak möhletleýin esasda ýaýbaňlandyrmaga yzygiderli we barha artýan gyzyklanmalaryny şertlendirýär.

Şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny bu ugurdaky anyk mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Bu döwlet sapary ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň berk binýadyny goýdy.

Taryhy ähmiýetli bu döwlet saparyna gabatlanyp, bilelikdäki işewürler maslahatynyň we türkmen eksport harytlarynyň sergisiniň, iki döwletiň hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini bellemek gerek.

Tutuşlygyna alnanda, forum söwda-ykdysady ulgamda türkmen-singapur hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň kesgitlenilmegine ýardam berdi. Onuň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar gol çekilen resminamalarda öz beýanyny tapdy, munuň özi taraplaryň netijeli hyzmatdaşlyga gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýokary derejede bolan ikitaraplaýyn gepleşikleriň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapuryň iri işewürliginiň wekilleri bilen duşuşandygyny bellemek gerek. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady we çig mal kuwwatlyklary hem-de netijeli işjeň gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikler barada çykyş etdi.

Dünýäde kabul edilen iş ertirliginiň çäginde geçen duşuşygyň barşynda ýangyç-energetika toplumynda, nebit we gazhimiýa senagatynda, ulag hem-de logistika, deňiz portlarynyň dolandyrylyşy, şäher gurluşygy, oba hojalygy, maýa goýum we beýleki möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi hakynda ynanyşmak ýagdaýynda pikir alşyldy.

Singapur kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň wekilleri hyzmatdaşlyk boýunça öz tekliplerini hödürlediler, şolaryň ençemesi ýokary tehnologiýaly, ylma esaslanýan önümçilikde dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda bellidir. Duşuşygyň ahyrynda netijeli türkmen-singapur gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynam beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halima Ýakob we Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikleriniň netijesi taraplaryň yzygiderlilik esasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalarynyň bardygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Milli Liderimiz ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk boýunça anyk teklipleri öňe sürdi, bu duşuşyklaryň gün tertibine türkmen-singapur gatnaşyklarynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi, onda ýüze çykýan täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.

Bir söz bilen aýdylanda, döwletara hyzmatdaşlygy baý many-mazmuna eýedir, onda söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer ugurlara hem möhüm ähmiýet berilýär.

Singapuryň ýolbaşçylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň kuwwatlylygynyň ählitaraplaýyn tanyşdyryşy hem-de hyzmatdaşlygyň geljeginiň düýpli we jikme-jik seljermesi üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Singapur tarapynyň ysnyşykly özara bähbitli işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi, olar işewürler maslahatynyň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklar we ähtnamalar bilen bir hatarda, resminamalaryň uly toplumyny emele getirdi. Şeýlelikde, döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmagyň berk binýady goýuldy.

Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebiti bilen gatnaşyklary ösdürmegi öz daşary syýasat we daşary ykdysady syýasatynyň strategik ugry hökmünde kesgitlemek bilen, ýurdumyzyň ozaldan bäri ygtybarly hyzmatdaşy hasaplanylýan Koreýa Respublikasy bilen netijeli özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.

Türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna yzygiderli okgunly häsiýet mahsusdyr, munuň şeýle bolmagyna iki döwletiň arasynda ýola goýlan ýokary we belent derejedäki yzygiderli syýasy gepleşikler ýardam berýär. Munuň özi geljek üçin ikitaraplaýyn gatnaşyklary ynamly ýola goýmaga, şolaryň düýpli ugurlaryny kesgitlemäge, geljege niýetlenen maksatnamalary düzmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek, işewür gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmek, maýa goýum işini höweslendirmek, täze bilelikdäki taslamalary, şol sanda senagat ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikler bardyr.

Şu ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açdy. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady ulgamda özara gatnaşyklary ösdürmek meselesiniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna möhüm orun berildi.

Şu ýerde esasy koreý kompaniýalarynyň türkmen ykdysadyýetiniň dürli ulgamlarynda alyp barýan köpýyllyk işleri, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda nebithimiýa we gazy gaýtadan işleýän ulgamlardaky taslamalara gatnaşmaklary tagallalary üstünlikli birikdirmegiň nusgalyk mysaly bolup durýar.

Bu ugurda «Galkynyş» käninde tebigy gazy arassalamak boýunça zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky ýokary hilli awtomobil benzinini öndürmek boýunça desganyň, Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodynyň gurluşygyny mysal hökmünde görkezmek bolar.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hem geljegi uludyr. Bu ugurda Türkmenistan «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça multimodal üstaşyr-ulag geçelgelerini hem-de toplumlaýyn logistika düzümini kemala getirmegiň başlangyçlary bilen çykyş etdi.

Şeýle hem senagat ulgamyndaky, hususan-da, elektron we dokma senagatyndaky gatnaşyklara türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hökmünde garalýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ähli ulgamlara sanly tehnologiýany yzygiderli ornaşdyrmak ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin möhüm ähmiýetlidir, bu ugurda Türkmenistanda koreýaly kärdeşler bilen tejribe alyşmaga bil baglanylýar.

Şeýle hem Koreýa Respublikasyndan awtoulag tehnikasyny satyn almak ugry boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin oňat mümkinçilikler bar. Bu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik ulaglary toplumynyň köp bölegini Koreýada öndürilen awtoulaglar tutýar. Däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklary hem döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir, bu bilim hem-de hünärmenleri taýýarlamak, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özara gatnaşyklary yzygiderli çuňlaşdyrmagyň berk binýadydyr. Türkmenistanda koreý diline we koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine uly hormat goýulýar.

Mälim bolşy ýaly, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýan bölüm işleýär. Bu ugry ösdürmek maksady bilen, şu okuw mekdebiniň binýadynda Patyşa Sedjon Instituty Gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwreniş merkezini açmak hakynda çözgüt kabul edildi.

Ýokary derejede geçen Aşgabat duşuşygynyň çäklerinde özara söwdany giňeltmek, energetikada, senagat kooperasiýasynda, ulag we kommunikasiýa ulgamynda hem-de beýleki ugurlarda bilelikdäki giň gerimli taslamalara çykmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere jikme-jik garamak babatda ylalaşyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu meseleleri çözmekde hökümetara türkmen-koreý topary we işewürlik düzüminiň ugry boýunça gatnaşyklara möhüm orun degişlidir.

Gepleşikleriň jemleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi, şolar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi we has-da berkitdi. Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Aşgabada döwlet saparynyň barşynda dürli ugurlarda özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň ýigrimä golaýyna gol çekildi. Munuň özi Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň mundan beýläk-de strategik esasda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklarynyň nobatdaky ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda özara erk-islege esaslanýan gatnaşyklar deňhukukly, özara bähbitli anyk netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Taraplar häzirki zaman taryhy şertlerde däp bolan dostluk gatnaşyklaryna ygrarlylygy görkezýärler, birek-biregiň ykdysady bähbitleriniň hem-de döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň deňeçerligine esaslanýan hyzmatdaşlygyň düýpgöter täze nusgasyny kemala getirýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi sapary hem-de 2015-nji ýylda guralan ýokary derejedäki özara saparlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze tapgyry açdy. Şolaryň jemleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar däp bolan döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berdi we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde hem, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär, yzygiderli häsiýete eýe bolýar.

Yzygiderli esasda guralýan işewürlik duşuşyklary hem-de forumlar, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisleri gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, onuň ägirt uly kuwwatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär. Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda bu komitetiň 13-nji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin Ýaponiýadan «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-prezidenti Ýoiçi Koboýaşiniň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.

Dostlukly ýurtdan gelen hyzmatdaşlar ýapon işewürler toparlarynyň okgunly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge, Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň hem-de täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Hyzmatdaşlygyň has geljegi uly ugurlaryna aýratyn üns berildi, bu ýerde Türkmenistanyň ýurdy senagatlaşdyrmaga hem-de ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, ylma esaslanýan ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine gönükdirilen önümçilikleriň döredilmegini ugur edinýändigini hasaba almak bilen, ägirt uly mümkinçilikleri bar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu ýylyň mart aýynda Ýaponiýa sapary mahalynda gol çekilen resminamalaryň döwletara hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigini bellemek gerek. Bu gün ikitaraplaýyn gatnaşyklarda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary açylýar. Ýaponiýanyň kompaniýalary ýurdumyzyň dürli sebitlerinde senagat toplumlarynyň gurluşygy ýaly iri taslamalary amala aşyrmakda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler.

Olaryň gatnaşmagynda Mary welaýatyndaky ammiak we karbamid önümçiligi, Balkan welaýatynda Garabogaz şäherinde karbamid dökünlerini öndürýän, Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän, Ahal welaýatynda bolsa tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki ýangyç — benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod ýaly iri senagat toplumlary guruldy.

Bu toplumlaryň açylyş dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň gatnaşmagy olaryň Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin örän uly ähmiýete eýediginiň subutnamasydyr.

Ulag-kommunikasiýa hem-de logistika, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda hem özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin amatly mümkinçilikler bar, bu ugurda tagallalaryň birleşdirilmegi has netijeli bolar.

Ynsanperwer ulgamy, şol sanda ylym-bilim ulgamynda, medeniýet hem-de sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegini düzýär.

Şunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon bölümini hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallary hökmünde görkezmek bolar. Şolarda Ýaponiýadan gelen tejribeli mugallymlar işleýär. Şeýle hem okuw maksatnamasyna ýapon dili girizilen ýörite orta mekdep işleýär.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, geljekde hem strategik hyzmatdaşlyk, geljegi nazarlaýan netijeli türkmen-ýapon işewür gatnaşyklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ähli şertler we ygtybarly binýat döredildi.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk meselesi baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasyny däp bolan dostlukly, özara hormat goýmak, oňyn gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny bellemek gerek.

Köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanylan baý tejribesiniň binýadyna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy uly mümkinçilikleriň hem-de milli ykdysadyýetleriň biri-biriniň üstüni doldurmagynyň iki ýurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady, energetika, ulag we kommunikasiýalar, öňdebaryjy tehnologiýalar ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berýändigini görkezdi.

Ägirt uly taslamanyň — halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň üstünlikli amala aşyrylmagy tagallalaryň özara bähbitlere gönükdirilmeginiň aýdyň mysaly bolup durýar. Bu gaz geçiriji boýunça Türkmenistandan «mawy ýangyç» Hytaýa akdyrylýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamynda hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, bu ugurda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplanyldy. Hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksady bilen, Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komiteti döredildi.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolan köpýyllyk hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassyklaýarlar.

Şonuň bilen bir wagtda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek.

Häzirki zaman şertlerinde bu hyzmatdaşlyk halkara gatnaşyklaryny netijeli ösdürmegiň, parahatçylygy goramagyň hem-de berkitmegiň, howpsuzlygyň hem-de durnuklylygyň, sebit we ählumumy derejelerde abadançylygyň üpjün edilmeginiň möhüm şertidir.