Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Bäşimow Nepes Kadyrgulyýewiç işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Amanow «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Iskenow Gurbanmämmet Amanowiç işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Merdan Tejimowiç Rozyýew «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygynyň buraw işleri boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.