Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çarymyrat Hywaliýewiç Purçekowyň üstüne ýüklenildi.
***
***
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrligi hakyndaky Düzgünnama, şu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Myrat Rejepowiç Artykow Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň başlygy wezipesine bellenildi.