Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habar

view-icon 1586
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura kabul ediljek aspirantlaryň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba alynjak dalaşgärleriň sany, şeýle hem kliniki ordinatura kabul ediljek ordinatorlaryň sany tassyklanyldy.