Ï Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Ankarada metbugat maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy Ankarada metbugat maslahatyny geçirdi

view-icon 978

5-nji fewralda Ankarada Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilmeginiň maksatnamasyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guran çäresine Türkiýäniň Prezidentiniň geňeşçisi Ýalçin Topçu, Türkiýäniň Daşary işler ministrligniň, Palatalar we biržalar birleşiginiň, ýurtda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, şeýle hem parlamentariler, Türkiýäniň döwlet teleradiokompaniýasynyň (TRT) halkara müdirliginiň ýolbaşçylary, köpçülikleýin neşir habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar ýurdumyzda «Türkmenistan –Bitaraplygyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda göz öňünde tutulýan çäreleriň maksatnamasy bilen tanyşdyryldy. Olaryň ünsi türkmen Lideriniň sebit we ählumumy ösüşiň möhüm ugurlary boýunça oňyn başlangyçlaryna çekildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalarynyň ikisi bilen ykrar edilen we köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ýörelgeleri hemişelik Bitaraplyk derejesiniň özenidir.

Metbugat maslahatynda ýurduň häzirki gazananlary, dürli ugurlarda amala aşyrylýan taslamalar bilen tyanyşdyryldy, wideotanyşdyryşlar arkaly ykdysady, ulag-logistika, maýa goýum we syýahatçylyk mümkinçiligi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri öz ýurdumyzda ýola goýmak we eksporta gönükdirmek döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi hakda giňişleýin habar berildi.

Çäräniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleriniň we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi şanly taryhy sahypalar, şeýle hem türkmen halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary bilen tanyşdyrdy.

Bölümiň soňky habarlary