26-njy fewralda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli tegelek stol gurady. Duşuşyga Awstriýanyň DIM-niň, diplomartik wekilhanalaryň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Onda Wenanyň Diplomatiýa akademiýasynyň direktory Emil Briks, Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, BMG-nyň ýokary wezipeli wekili Wladimir Gorýaýew çykyş etdiler.
Duşuşykda türkmen tarapy 2020-nji ýylda halkara bileleşiginiň türkmen Bitaraplygynyň sebit howpsuzlygyny, durnuklylygy we durnukly ösüşi, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmegiň möhüm ýagdaýy hökmünde ähmiýetine hem-de eýeleýän ornuna garaýşynyň giňelmegine gönükdirilen çäreleriň geçiriljekdigini belledi. Şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli Halkara maslahaty onuň esasy çäresi bolar.
Duşuşyga gatnaşanlar Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bieln tanyşdyryldy. Tegelek stoluň ahyrynda oňa gatnaşanlara tematiki wideoşekiller görkezildi.
26-njy fewralda BMG-nyň Ženewadaky (Şweýsariýa) Bölüminde BMG-nyň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG-nyň ÝYK) içerki ulaglar boýunça Komitetiniň (IUK) mejlisiniň çäklerinde Türkmenisranyň Hemişelik wekilhanasy Azerbaýjan Respublikasynyň BMG-nyň Ženewadaky Bölümi we BMG-nyň ÝYK bilen bilelikde «Hazar deňzi sebitiniň ulag-kommunikasiýa mümkinçiligi: Azerbaýjan we Türkmenistan – iň gysga ýol» temasyndan tegelek stol guradylar.
Duşuşykda BMG-nyň ÝYK Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, awtomobil ulaglary Halkara birleşmesiniň Baş sekretary Umberto de Pretto, ulag diplomatiýasy Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, Azerbaýjan Respublikasynyň ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýlar ministriniň orunbasary E. Walizadeh, HHR-yň BMG-nyň Ženewadaky bölümindäki Hemişelik wekili Hu Çen, mobillik we ulag boýunça Ýewropa komissiýasynyň Baş direktoratynyň halkara gatnaşyklary bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Stefano Paçi, şeýle hem ýurtlaryň birnäçesiniň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.
Türkmenistanyň ulag-logistika, maýa goýum mümkinçilikleri we dürli ugurlarda gazananlary bilen tanyşdyrmak çäreleriň maksatlarynyň biridir. Duşuşykda türkmen tarapy oňa gatnaşanlaryň ünsüni Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllgynyny baýram etmek temasyna we daşary syýasat ulgamynda onuň ähmiýetine çekdi. Duşuşygyň tematikasyna bagyşlanyp, fotosuratlar sergisi guraldy.
Jemgyýetçilik köpçüligini Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Wekilhanasy Aziýa ýurtlarynyň ÝuNESKO-nyň (Pariž) ýanyndaky Wekilhanalary bilen bilelikde 26-njy fewralda Aşpezlik gözden geçirilişini gurady. Çäräniň çäklerinde bu halklaryň tagamalry bilen tanyşdyrýan milli diwarçalar görkezildi.
Guramanyň ştab-kwartirasynyň Kabul edişlikler zalynda bolan çäräniň açylyş dabarasynda ÝuNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary Sin Sýuý gutlag sözi bilen çykyş etdi.
26-njy fewralda Türkmеnistаnyň Türkiýe Rеspublikаsyndаky Ilçihаnаsy wе Stаmbuldaky Bаş kоnsullugy türkmen ýaşlarynyň wekilleriniň okaýan ýeri bolan Uşak şäheriniň Uniwersitetinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli maslahat guradylar. Foruma Uniwersitetiñ rektory professor doktor Ekrem Sawaş, bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, ylym we medeniýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyñ, habar beriş serişdeleriniñ wekilleri hem-de türkmen we türk talyplary gatnaşdylar.
27-nji ewralda Türkmenistanyň Er-Riýaddaky Ilçihanasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli metbugat maslahaty geçirildi. Çärä Saud Arabystanynda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, şa Feýsal adyndaky Yslam barlaglary merkeziniň, Barlaglar we halkara bilimleri merkeziniň (CRIC), Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Saud bölüminiň, Saud Arabystanynda kowçum ýaşaýan türkmenleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşanlar “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýyly mynasybetli geçilýän medeni-düşündiriş çäreleri bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Daşary ýurtlylaryň halkara gatnaşyklarynda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ideýalaryna we ýörelgelerine uly gyzyklanma bildirilýändigi bellenildi.
Maslahatda we onuň çäklerinde bolan söhbetdeşlikde ählumumy parahatçylyga, ösüşe we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna köpugurly hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasy hökmünde türkmen Bitaraplygynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi.
Şu jähtden oňa gatnaşanlaryň ünsi 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylgyny, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň tutýan orny» atly Halkara maslahatynyň ugurlaryna çekildi.