Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 1617-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda 2020-nji ýylyň 21-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlary, sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, çalgy ýaglaryny, sarp ediş serişdelerini hem-de ýük awtoulaglarynyň we traktorlaryň tigirlerini satyn almak barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.