Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 1656
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gylyjow Çary Baýramowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy Nyýazlyýew Nyýazly Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe käýinç yglan edildi.