Ï Resmi habar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habar

view-icon 1638
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda bellenip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan atly sport bäsleşikleriniň we baýramçylyk at çapyşyklarynyň ýeňijilerini höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän bäsleşikleriň ýeňijilerini degişli baýraklar bilen sylaglamak bellenildi.