Ï Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi ynanç hatyny gowşurdy

view-icon 1630
Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Kömekowdan ynanç hatyny kabul etdi. Dabara Italiýanyň Prezidentiniň resmi edarasynda – Kwirinal köşgünde geçdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi T. Kömekow Italiýanyň Prezidentine Türkmenistanyň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi, şeýle hem döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin diplomatik tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella mähirli sözleri üçin hoşallyk bildirdi we öz gezeginde, türkmen Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.