Ï Wenada türkmen halkynyň medeni däpleri bilen tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Wenada türkmen halkynyň medeni däpleri bilen tanyşdyryldy

view-icon 939
Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi gurady. Awstriýanyň DIM-niň işgärleri, Wenada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň wekilleri çäräniň myhmanlary boldular.

Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Tematiki wideoşekiller ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanan giň möçberli üstünlikleri bilen tanyşdyrdy.

Sergi amaly-haşam sungatynyň eserleri bilen tanyşdyrdy, türkmen halkynyň taryhyna we däplerine nazar aýlamaga mümkinçilik berdi. Serginiň kitap bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işleri görkezilýär.

Bölümiň soňky habarlary