Ï Tunisiň Prezidentiniň Türkmenistanyň Baştutanyna hatynda gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tunisiň Prezidentiniň Türkmenistanyň Baştutanyna hatynda gatnaşyklary ösdürmäge isleg bildirilýär

view-icon 900
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tunis halkynyň adyndan we hut öz adymdan tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagt baradaky, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňiz bilen ikitaraplaýyn dostluk gatnaşyklaryny hem-de doganlyk halklarymyzyň umumy bähbitleriniň hatyrasyna hyzmatdaşlyk boýunça bilelikde işlemäge taýýardygymy tassyklaýaryn.

Kais SAID,
Tunis Respublikasynyň Prezidenti.