Ï Şanly senäni özbegistanly dostlarymyz bilen bile belleýäris
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şanly senäni özbegistanly dostlarymyz bilen bile belleýäris

view-icon 1070
Şanly senäni özbegistanly  dostlarymyz bilen bile belleýäris
Şanly senäni özbegistanly  dostlarymyz bilen bile belleýäris
Şanly senäni özbegistanly  dostlarymyz bilen bile belleýäris
Şanly senäni özbegistanly  dostlarymyz bilen bile belleýäris
18-nji noýabrda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda BMG-nyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýany kabul etmeginiň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirildi.

Çärä Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň wekilleri, Daşkendiň ýokary okuw mekdepleriniň professor- mugallymlary we bu ýerde bilim alýan türkmen talyplary, Özbegistanda kowçum ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Ilçihananyň işgärleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Mämmedow sergini açyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli ýurdymyzda hem-de onuň çäginden daşarda köpsanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Ol serginiň myhmanlaryna şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy çärä gatnaşanlara türkmen Bitapalygynyň taryhy, onuň Merkezi Aziýada we umuman tutuş dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekdäki, durnuklylyhy we durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Ilçi Ýa.Mämmedow sergä gatnaşyjylary we Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyny 18-nji noýabrda bellenilýän Döwlet Baýdagynyň baýramy bilen gutlady hem-de abadançylyk arzuw etdi.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Milletara gatnaşyklary we daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklar komitetiniň Ruhy aň-bilim ýaýradyş bölüminiň müdiri Abdyrahym Nurmyradow çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti, dostlukly we doganlyk türkmen-özbek gatnaşyklary barada aýdyp, türkmen halkyny ýetip gelýän şanly sene bilen gutlady.

Şeýle hem, sergä gatnaşanlara Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllary döwründe ýeten belent sepgitlerini we milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Çärä gatnaşanlara gözel tebigatymyz, milli medeniýetimiz we däp-dessurlarymyz, Türkmenistanyň baý taryhy, häzirki güni we Bitarplygyň 25 ýylynda ýurduň ýeten sepgitleri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi.

Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy işleri we kitaplary, türkmen halkynyň baý taryhyny we medeniýetini görkezýän nepis halylar, çeper elli zenanlarymyzyň el işleri, şaý-sepler, milli lybaslar we amaly-haşam sungatynyň eserleri goýlupdyr.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara ilçihana tarapyndan türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Bölümiň soňky habarlary