Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 2625
Resmi habarlar
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem häzirki zaman tehnologiýalaryny we ýörite enjamlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly nebit guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konsernine “Türkmennebit” döwlet konserniniň ýörite hyzmatlary ýerine ýetirmegi hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 30-njy iýulynda çykaran 11189-njy Kararyna laýyklykda, Goturdepede nebitgaz ýatagynda guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Tatarystan Respublikasynyň (Russiýa Federasiýasy) “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna degişli işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek hem-de şertnamanyň möhletini sekiz ýyl uzaltmak barada goşmaça ylalaşygy bellenen tertipde baglaşmaga ygtyýar berildi.
***

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek we olimpiýa hereketini ösdürmek, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede toplumlaýyn esasda taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Welosport federasiýasy hem-de Welosipedçileriň halkara bileleşigi bilen bilelikde 2021-nji ýylyň 13-17-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.