Ï Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlýan-umumy sapak geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Astrahanda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli onlýan-umumy sapak geçirildi

view-icon 765

25-nji noýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygynyň (Astrahan ş.) goldamagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň (TDU) mugallymlary Astrahan döwlet uniwersitetiniň (ADU) talyplary üçin onlaýn-sapak geçdiler.

Çaraniň başynda Türkmenistanyň Konsuly G.Garaýew, Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýolbaşçysynyň orunbasary A.Aýdyn, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory B. Orazdurdyýewa we Astrahan döwlet uniwersitetiniň rektory K. Markelow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanyň 25 ýylda gazananlaryny görkezýän «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» wideoşekilleri çärä bezeg berdi.

TDU-nyň jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň müdiri, professor Atajan Altyýewiç Burynow «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi – halkara gatnaşyklarynda täze nusga» temasyndan çykyş etdi.

Taryh ylymlarynyň kandidaty, TDU-nyň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Bike Hudaýberdiýewna Diwangulyýewa «Türkmenistanyň Bitarplygynyň taryhy kökleri we dünýägurluşynda oňyn tejribesi» temasyndan çykyş etdi.

Onlaýn-umumy sapaklaryň guramaçylary çäre diňe bir niýetlenenler üçin däl, eýsem ol onlýan-düzgünde oňa goşulmak isleýänlere-de elýeterli bolar ýaly deslapdan portal döretdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlara TDU-nyň mugallymlaryna sowal bermäge we olara jogap almaga mümkinçilik döredildi.

Bölümiň soňky habarlary