Ï Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Owganystanda gurlan täze metjit—Türkmenistanyň ynsanperwerlik kömegi

view-icon 1365
Şu gün Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna bina edilen 500 orunlyk metjidiň açylmagy türkmen-owgan dostlugynyň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat topar metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň 9-njy noýabrynda geçirilen mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mazari-Şarif şäherindäki konsullygyna Owganystanyň “Ghazanfar Construсtion, Roada Work Rail Wai Construсion Material P.CO” gurluşyk kompaniýasy bilen metjidi gurmak hakyndaky şertnamany baglaşmak tabşyryldy.

Munuň özi Türkmenistanyň hem-de onuň halkynyň milletiň asylly ýörelgeleriniň esasyny düzýän we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidlentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynda öz beýanyny tapan parahatçylyk hem-de ynsanperwerlik esaslaryna üýtgewsiz ygrarlydygynyň ýene bir tassyknamasyna öwrüldi.

Dostlukly goňşy döwlete yzygiderli ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda degişli çäreler toplumyny, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny, goňşy ýurtda söwda merkeziniň we çaga dogrulýan öýüň açylmagyny hem-de ynsanperwer ýükleriň yzygiderli ugradylmagyny öz içine alýan medeni-ynsanperwer ugurly maksatnama taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna bu ýerde saglyk öýi we mekdep guruldy.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda bolan telefon gepleşikleriniň dowamynda türkmen we owgan halklaryny gadymy doganlyk däpleriniň, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleriniň, umumy ruhy hem-de taryhy gymmatllyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Munuň özi döwletara gatnaşyklarynyň, şol sanda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär.

Farýap welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde türkmen tarapynyň owgan halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde guran metjidiniň açylmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

“Goý, täze metjitde okalan aýat-töwirler we berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn wagtda ýurdumyzdan ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana derman we lukmançylyk serişdeleriniň, azyk önümleriniň, dokma hem-de hojalyk harytlarynyň iberiljekdigini belledi.

Iki döwletiň arasyndaky özara netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag -aragatnaşyk ulgamlarynda hem ösdürilýär. Türkmenistanyň we Owganystanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi sebit üçin strategik taýdan wajyp bolan täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Iki ýurduň gatnaşmagynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşyklary ýaly iri taslamalaryň amala aşyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geljek ýylyň başynda TOPH döwletara energetika gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygy başlanar. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda optiki-süýümli aragatnaşygyň täze ulgamy ulanmaga taýýar edildi. Türkmen hünärmenleriniň gatnaşmagynda Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çekilen bu ulgam Owganystanyň halkalaýyn kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, oňa Hyrat-Akina ulgamyny birikdirmäge mümkinçilik berer.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünden geçýän halkara üstaşyr mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge oňyn şertler dörär. Şu maksat bilen ýurdumyzyň çäklerinde, Mary-Serhetabat böleginde zerur enjamlar oturdyldy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň bilelikdäki tagallasy bilen gurulýan Akina-Andhoý demir ýolunyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Geljekde bu polat ýol Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykar.

Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe (Lapis Lazuli) geçelgesini döretmek boýunça bilelikdäki taslamanyň durmuşa geçirilmegi sebitiň döwletleriniň arasynda diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmaga däl, eýsem, Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän we Garaşsyz ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen bu ýol sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga ýardam berer hem-de millionlarça adamlaryň bähbidine, ählumumy parahatçylyga we abadançylyga gulluk eder.

Prahatçylyk söýüjilik, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine yzygiderli eýerýän ýurdumyz Owganystanyň durmuş-ykdysady düzüminiň ösüşine önjeýli goşant goşýar. Türkmenistan dostlukly döwlete döredijilikli durmuşynyň esaslaryny berkitmäge goldaw berýär.

Arzan bahadan elektrik energiýanyň we suwuklandyrylan gazyň ugradylmagy, öz serişdelerimiziň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, saglygy goraýyş hem-de bilim edaralarynyň gurluşygy, owgan ýaşlaryna Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berilmegi we goňşy ýurduň ilatyna yzygiderli esasda ynsanperwerlik ýükleriň ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Metjidiň açylmagy Türkmenistanyň we Owganystanyň halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň taryhynda möhüm waka öwrüldi.

Onuň gurluşygynda täze tehnologiýalar, özboluşly binagärlik çözgütleri, içki bezeg aýratynlyklarynda mukaddes ýazgylar ulanyldy. Toplumda sadaka dessurlaryny geçirmek üçin niýetlenen desga, awtoduralga bar. Metjidiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyryldy.

Farýap welaýatynyň, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, din wekilleri, jemgyýetçilik agzalary we köpsanly adamlar düzüminde hormatly ýaşulular we din wekilleri bolan Türkmenistanyň wekiliýetini uly şatlyk bilen garşyladylar.

Dabarada çykyş edenler sebitiň umumy ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkezi bolan Türkmenistanyň parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyk edendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasy ugruny düzýär.

Dabara gatnaşyjylar Owganystanyň hökümetiniň we ähli halkynyň adyndan doganlyk kömegini berýändigi hem-de Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine yzygiderli goldaw edýändigi üçin döwlet Baştutanymyza we tutuş türkmen halkyna tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan we goňşy döwletdäki ýagdaýyň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagyna ýardam berýän Türkmenistan goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş düzüminiň ýokarlanmagyna gönükdirilen anyk işleri amala aşyrýar hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy, ählumumy durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça halkara başlangyçlaryny öňe sürýär.

Şu maksatlara ýetmek ugrunda iki goňşy ýurt Birleşen Milletler Guramasynyň, Goşulyşmazlyk hereketiniň, Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň çäklerinde işjeň gatnaşyklary saklap, terrorçylyga, ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, serhetüsti guramaçylykyly jenaýatçylyga we halkara bileleşiginiň esasy meselesi bolan häzirki zamanyň beýleki wehimlerine garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara bilelikde goşant goşýar.

Şeýlelikde, bu waka Türkmenistanyň goňşy Owganystanyň ösüşiniň, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirilen ähmiýetli hem-de zerur başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine mundan beýläk-de üýtgewsiz taýýardygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.