BMG-niň Baş Assambleýasy we YHG bitaraplygyň orny hakyndaky Kararnamalary kabul etdiler

07.12.2020
eye
438
BMG-niň Baş Assambleýasy we YHG bitaraplygyň orny hakyndaky  Kararnamalary kabul etdiler
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hem-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Jidda şäherinde (Saud Arabystany) ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habarlar gelip gowuşdy. Bu habarlar Watanymyzyň hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş dünýäde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça hem-de milletler bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama kabul edildi.

Resminamada BMG-niň agza döwletleri, beýleki halkara, sebit hem-de sebitara guramalary dawalary parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmakda, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we çözmekde Bitarap döwletleriň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrylýar hem-de Türkmenistanyň 12-nji dekabrda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahaty özünde kabul etmek baradaky çözgüdi goldanylýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 47-nji mejlisinde “Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde we tutuş dünýäde halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi saklamakda hem-de pugtalandyrmakda bitaraplyk syýasatynyň orny” atly Kararnama kabul edildi. Bu resminamada Bitarap ýurtlaryň BMG-niň adatdan daşary ynsanperwer kömeginiň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmagyň esasy ýörelgelerine laýyklykda, adatdan daşary çylşyrymly ýagdaýlarda hem-de tebigy betbagtçylyklarda ynsanperwer kömegini bermekde we ýetirmekde eýeleýän möhüm orny ykrar edilýär.

Resminamada bitaraplyk syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara hem-de sebit durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi, dünýäniň ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigi nygtalýar.

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy agza döwletleri we onuň edaralaryny 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Bitaraplyk syýasaty we halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde onuň ähmiýeti” atly ýokary derejeli halkara maslahata işjeň gatnaşmaga çagyrýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň oňyn daşary syýasy strategiýasy BMG-niň hem-de iri halkara gurama bolan Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky möhüm resminamalarynda öz beýanyny tapyp, ýene-de dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy.

Milli Liderimiziň sebit derejesinde hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça yzygiderli öňe sürýän parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary hem-de teklipleri döwlet Baştutanymyzyň abraýyny barha belende göterýär. Bu gün Türkmenistan halkara giňişlikde parahatçylygy, durnuklylygy pugtalandyrmak hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek işine saldamly goşant goşýan döwlet hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýelemek bilen, bu ugurda anyk ädimleri ädýär hem-de ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji kuwwatyny tutuş adamzadyň hyzmatyna goýmaga, BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar.