Ï Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady

view-icon 1547
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä we Kataryň dostlukly halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

“Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň we ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu gatnaşyklaryň biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, milli Liderimiz gutlagynda belleýär.

Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Tanä berk jan saglyk hem-de abadançylyk, Kataryň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz onuň Alyhezretine “Goý, Gudraty Güýçli Allatagala ähli asylly başlangyçlaryňyzda we maksatlaryňyzda Size medet bersin!” diýip dileg etdi.