Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanýar

10.12.2020
eye
397

Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan sergiler Daşoguz şäherinde dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergiler welaýat kitaphanasynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň binalarynda görkezilýär. Sergileri guramaga dürli pudaklardan sebitdäki guramalar we edaralar işjeň gatnaşdylar.

Oba hojalygynyň, ýerli senagat kärhanalarynyň we hususy pudagyň önümleriniň nusgalary, kitap önümleri, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, düýpli maketler, olaryň hataryndaky Bitaraplyk ýadygärliginiň, döwrebap täze binalaryň maketleri, "Türkmenistan -- Bitaraplygyň mekany" ýylynyň nyşany, surat we heýkeltaraşlyk, sungat we senetçilik eserleri serginiň eksponatlary bolup hyzmat etdi. Innowasiýa tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylyşy barada gürrüň berýän ýer, suw serişdelerine we daşky gurşawa aýawly we oýlanyşykly çemeleşmäge ýardam berýän diwarlyklara köp orun berildi. Sergileriň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, abraýly ýaşulularyň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygyna bagyşnan maslahatlar geçirildi.

Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň demirgazyk sebtiniň ykdysadyýetiniň ep-esli ösendigini bellemek gerek. Bu ýerde şähergurluşygy giň gerime eýe boldy, durmuş-medeni maksatly desgalaryň, ýerli çig maly gaýtadan işleýän senagat kärhanalaryň onlarçasy guruldy, hususy telekeçilik giňden ösdi. Ýurdumyzyň beýleki sebitleri ýaly, Daşoguz welaýaty Türkmenistanyň dünýäniň beýleki döwletleri bilen köp ugurly hyzmatdaşlygyna gatnaşýar. Hususan-da, bu ýerde halkara festiwallar we maslahatlar geçirilýär, Daşoguz şäheri GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde saýlandy, sebitde ýerleşýän ýokary tehnologiýaly dokma kärhanalary we ýyladyşhanalar önümleriniň bir bölegini daşary ýurtly sarp edijilere eksport edýär.