Ï Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesine – 25 ýyl!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejesine – 25 ýyl!

view-icon 3075

Suratkeşleriň Türkmenistanyň häzirki gününe we geçmişi, adamlaryň we tebigatyň gözelligi baradaky eserleri bilen ýurduň Bitaraplygyna bagyşlanan sergi bu ýere gelýänleriň kalbynda baýramçylygyň öňýanyndaky ruhuny galdyrdy.

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde türkmen halky tarapyndan Bitaraplygyň 25 ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli surat we keramika eserleriniň sergisi açyldy. Ýörite bu şöhratly senä gabatlap, ýurduň suratkeşleri türkmen halkynyň döredijilik we bagtly durmuşy barada täze eserleri taýýarladylar.

Bäş eseriň sergisi Rejepmuhammet Berdiýew tarapyndan görkezildi. Onuň merkezinde iň uly surat − Gurbannazar Ezizowyň portreti bar. Gurbannazar Ezizowyň şäher seýilgähindäki oturgyjyň üstünde oturan keşbi, şahyrana ylham pursatyny beýan edýär. Halk tarapyndan söýgüli şahyr, şu ýyl 80 ýaşardy, ol durmuşdan ir gitdi. Ýaş we görmegeý şahyr häzirki nesliň suratkeşleriniň eserlerinde bir tarapdan ýitginiň öwezini dolýar, beýleki tarapdan, adatdan daşary zehinine haýran galýan keşpde göz öňümizde janlanýar.

Tamara Kiselýowa "Halk sazy asyrlar boýy ýaşaýar" diýen eseri bieln çykyş etdi. Ol gülläp ösýän türkmen paýtagtynyň öňünde ýaş bagşyny şekillendirdi. Bagşy öz halk saz guralynyň jadyly sesleri bilen öz aýdymynda bular barada, şeýle hem türkmen halkynyň arasynda giňden bellenilýän baýramçylyklar hakda aýdýandyr.

− Men bu suraty çekmek barada köpden bäri pikir edip gelýärdim – diýip, Tamara Mihaýlowna söhbetdeşlikde ýüregini açýar, ýöne, gynansagam, olara seredip, suratlaryny çemegim üçin meniň bagşy tanyşlarym ýok. Şoňa görä-de, men milli telewideniýäniň bäşinji ýaýlymyna bardym, ol ýerde meniň haýyşymy düşünmek bilen kabul etdiler we işim üçin geljegi uly bir bagşyny gürleşip berdiler. Siziň gazetiňiziň üsti bilen teleýaýlymyň işgärlerine tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn.

Berdisähet Gurbansähedow Bitaraplyk baýramçylygy üçin modulirlenen tehnikada ýasalan ullakan suratda açyk ajaýyp gülälekleri taýýarlady. Türkmen çoguny we ter şemaly näzik ýapraklaryna siňdiren owadanlygyndaky gyrmyzy güller, sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni çekýär. Berdisähet sergide birnäçe ýyl bäri suratkeşleriň arasynda meşhurlyk gazanan Beýik Ýüpek ýolunyň mowzugyna bagyşlanan “Garaşmak” atly birnäçe eserini hödürledi. Hazar deňziniň kenarynda bir topar arap, türkmen söwdagärleri bilen bilelikde üsti harytly bilen gäminiň gelmegine garaşýarlar. Surat örän aýdyň we ynamly suratlandyrylýar we şol bir wagtyň özünde başdan geçirmeleri ýatladýar.

Ajaýyp liriki eserleriniň altysynyň awtory Klawdiýa Durdyýewa sergide şahsy ugruny açdy. Olardan biri − "Mähriban öýüň derwezesi". Üýtgeşik zat ýok ýaly - adaty bir derweze, ýöne suratkeş oňa şeýle bir mähir beripdir welin, tomaşaçylaryň hemmesi şeýle duýga beslelenendir.

Klawdiýa "Asmanyň kenarynda" diýen has täsir galdyryjy peýzažynda uzaklara gidýän seýilgähi suratlandyrdy. Çeper reňkler, agaçlaryň kölegesi bilen boýalan, gyrmyzy we gyraňsyz ýerlerdäki ýapraklar. Şübhesiz, owadan! Şeýle-de bolsa, surat näme üçin "Asmanyň kenarynda" diýlip atlandyrylýar? Bu sorag bilen awtora ýüz tutduk.

− Seýilgähiň sagynda bir köl bar, onuň kenary suratda görünýär, kölde bolsa adatça asman şöhlelenýär − diýip, Klawdiýa örän ýönekeý düşündirdi.

Sergi merkezine yzygiderli gelýänler tarapyndan halanýan keramikaçy Dilber Umarowa bu sergi üçin 18 sany keramiki şekil taýýarlady. Dilberiň ýakymly terrakota heýkeljikleri elmydama özüne çekiji, ýönekeý adamlaryň obasyndaky durmuş hakda gürrüň berýär. Tamdyryň ýanynda ene we çagalar: kimdir biri çörek bişirýär, kimdir biri ony iýýär. Kellä geýilýän milli önüm satyjy aýal alyjy bilen taýanyň bahasy barada jedelleşýär: şu pursatda daýzanyň gözünde birneme mekirlik peýda bolýar - ol harydyny has gymmadrak bahadan satmak isleýär. Ine, dürli ýaşdaky 10 erkek adamdan ybarat mähelle. Olaryň käbiri kätman bilen, käbiriniň eli çörekli, käbirinde çäýnek bar. Her bir gahrymanyň öz şahsyýeti bar, ýöne hemmesi örän mylaýym.

− Aslynda, diňe bir oba adamlary däl, eýsem şäher ilaty hem mähirli – diýip, Dilber düşündirýär. − Bu hoşniýetliligi diňä görüp bilmek gerek, men muny başarýaryn.

Suratkeşleriň Türkmenistanyň häzirki gününe we geçmişi, adamlaryň we tebigatyň gözelligi baradaky eserleri bilen ýurduň Bitaraplygyna bagyşlanan sergi bu ýere gelýänleriň kalbynda baýramçylygyň öňýanyndaky ruhuny galdyrdy.

Bölümiň soňky habarlary