Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek maksady bilen, men ynamyma mynasyp bolan jenap Han Wali Han Başarmaly Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Onuň belent şahsy häsiýetleri iki ýurduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin öz wezipesini mynasyp ýerine ýetirjekdigine hem-de Siziň makullamagyňyza mynasyp boljakdygyna ynamly bolmaga mümkinçilik berýär.
Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan aýtjak sözleriniň ählisine, aýratyn hem iki halkyň umumylygyna esaslanýan dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak barada aýtjak sözlerine ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Mohammad Aşraf Gani,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti