Ï Leýli Ökdirowa –2020-nji ýylyň wokal ýyldyzy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Leýli Ökdirowa –2020-nji ýylyň wokal ýyldyzy

view-icon 1554
Leýli Ökdirowanyň ýylyň wokalçylarynyň arasynda ýeňiş gazanmagy tötänlik däldi. Ol aýdymçylaryň arasynda geljegi uly opera aýdymçysy hökmünde meşhurlyk gazandy. Hatda Garold Neýmarkdan skripka boýunça sapak alýan döwrem mugallymy ony islendik teatrda işlemäge mynasyp saýýardy. Biz neşirimiziň okyjylarynyň adyndan Leýlini «2020-nji ýylyň ýyldyzy» ady bilen gutladyk we ondan interwýu bermegini haýyş etdik.

-Leýli, ýeňşiň täsiri-howalasy barada aýdaýsaňyz?


-Elbetde, begenjimiň çägi ýok, tolgunýanam, bagtly günlerimiň biri şu gün! Ilki bilen meni doganym gutlady, onuňam bagtyýarlgynyň meniňkiden pes däldigine göz ýetirdim. Artist üçin islendik ýeňiş onuň mertebesini göterýär, özüne ynamyny berkidýär, ony döredijiligiň täze sepgitlerine höweslendirýär. Men bu bäsleşige eýýäm dördünji gezek gatnaşýaryn, bassyr üç ýyl menden has güýçliller tapyldy. Özüm üçin şu soňky synanşygym diýdim. Ahyrynda meniňki şowlady. 2020-nji yýl meniň üçin bagtly ýyl boldy, ol Täze ýylyň öň ýanynda ýyldyz adyny eçildi!

-Özüňiz barada gürrüň beräýseňiz. Üýtgeşik wokal zehiniňiz bolsa-da, näme üçin köp wagtlap skripkadan sapak aldyňyz?


-Atam-enem aýdym-saza ukybymy aňyp, meni Ýörite sazçylyk mekdep-internatyna berdiler, ýöne ol ýerde wokal bölümi ýokdy-da. Şeýdibem men skripka boýunça 11 ýyllap okadym. Men hat-da Türkmensitanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmegi mynasybetli konsertde hem çykyş etdim. 2007-nji ýylda maňa meşhur opera aýdymçysy Çeçiliýa Bartoliniň ýerine ýetirýän ispan aýdymlary ýazylan kassetany sowgat berdiler. Italýan ýyldyzynyň jadylaýjy owazy meniň opera aýdymçysy bolmak höwesimi hasam berkitdi. 2008-nji ýylda men Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girmekçi bolup ýörkäm, maňa Ukrainanyň Çaýkowskiý adyndaky akademiýasyndan okuwa çakylyk geldi welin, men ol ýere gidermen boldum.

-Watandan, ata-eneňden, ýakynlaryňdan alysda okamak kyn düşmedimi?


-Men-ä özümi o taýda keseki duýmadym. Akademiýada hem, umumy ýaşaýyş jaýynda hem edil öz öýümde ýalydym. Men Ukrainanyň Gahrymany, Ukrainanyň halk artisti Diana Ignatýewna Petrinenkodan sapak aldym. Ýaňy ikinji ýyl talyby döwrüm meni Lwowyň Solomiýa Kruşelniskaýa adyndaky milli akademiki opera we balet teatrynda opera aýdymçylarynyň arasynda geçirilen Solomiýa Kruşelniskaýa adyndaky Halkara bäsleşigine ugratdylar. Men Türkmenistanyň wekili hökmünde Italiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan gelen aýdymçylar bilen bir sahnada çykyş etdim. Men bäsleşige gatrnaşanlardan iň ýaşydym. Opera aýdymçylarynyň sesi 30-40 ýaşynda «ýetişýär», ýagny barha gowulanýar. Anna Netrebkony, Dmitriý Hworostowskini ýada salyň. Şeýle bolsa-da, men bäsleşikde altyn medala mynasyp boldum. Ol birinji ýer diýildigi däldi, meni durmuşa höweslendirýän we sesimi kämilleşdirmäge itergi berýän Umyt medalydy. Men akademiýany tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Aşgabada, filarmoniýanyň ygtyýaryna geldim.

Aziada-2017-niň ýapylyş dabarasyna syn edenler meniň çykyşymy gören bolsa gerek. Men üýtgeşik mawy lybasda deňiz Suw perisiniň keşbinde çykyş etdim.

Häzir filarmoniýadaky işimi konserwatoriýada illýustrator hökmünde çykyş etmek bilen utgaşdyrýaryn.

-O näme diýildigi?


-Illýustrator – ol sazanda bilen bilelikde wokal aýdymlaryny ýerine ýetirýän aýdymçy.

-Leýli siziň repertuaryňyzda Aleksandr Alýabýewiň «Bilbil» diýen aýdymy hem bar. Siz Medeniýet Şahberdiýewa ony şeýle belent owazda ýerine ýetirenden soň aýtmaga çekinmediňizmi? Çünki ol aýdymy Şahberdiýewadan gowy aýtmak mümkin däl ahyry!


-Ondan gowy aýtmagy maksadam edinmändim. Medeniýet Şahberdiýewanyň ony ajaýyp owazda aýtmagy ol beýleki aýdymçylar üçin gadagan diýildigi däl ahyry. Biz dürli mekdebiň wekili, ony herimiz özümizçe aýdýarys.

-Medeniýet Şahberdiýewa siziň aýdyşyňyza nähili baha berdi?


-Gynansamam, şol üýtgeşik aýdymçy bilen ýakyndan tanyş däldim. Ýöne ol meniň aýdyşymy ne öwen, ne-de döwen bolsa – diýmek, onda gowulykdyr.

- Leýli, biz Sizi ýene bir gezek 2020-nji ýylda gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýarys, şeýle hem ýetip gelýän 2021-nji ýylyň hem siziň üçin şowly bolmagyny arzuw edýäris. Owandan sesiňiz bilen bizi begendirip duruň!


-Gutlaglaryňyz üçin köp-köp sag boluň. Men Size we siziň okyjylaryňyza berk jan saglyk, bagt we şatlyk arzuw edýärin.