Ï Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ermenistanyň kitaphanaçylarynyň onlaýn maslahaty

view-icon 928
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga badalga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Kitaphanalar ýurduň medeni-bilim taýdan ýeten derejesiniň, ilatyň intellektual taýdan ösüşiniň görkezijisidir” diýip nygtaýar hem-de halkymyzyň kitaba aýratyn ähmiýet berip, bu baýlyklara hemişe hormat bilen garandygyny belleýär.

Şu gün tejribe alyşmak boýunça onlaýn maslahat Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň Döwlet kitaphanalarynyň wekillerini hem-de Ermenistanyň Milli kitaphanasynyň işgärlerini jemledi. Umuman, kitaphana gaznalarynyň goraglylygynyň usulyýeti hem-de kitaplary abatlamagyň meseleleri, seýrek neşirleriň bitewi elektron katalogyny döretmek ýörelgeleri, şeýle hem kitap ýygyndylaryny sanlylaşdyrmak baradaky meseleler hakynda gürrüň edildi.

Häzir kitaphana işiniň ösdürilmegi bu ulgamyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns merkezinde durýar. “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda medeniýet we aň-bilim ulgamynyň edaralaryny kämilleşdirmek boýunça ähli çäreler görülýär.

Medeniýet ministrligine degişli merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň oňat tejribesine esaslanan bitewi elektron ulgam döredildi. Ýurdumyzyň kitaphanalarynyň işgärleriniň arasynda usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly olaryň işiniň netijeliligini artdyrmaga kömek edýän bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.

Wideoduşuşygyň dowamynda iki ýurduň kitaphanaçylarynyň gyzykly we netijeli pikir alyşmalary boldy, her tarapdan hasabatlar diňlenildi. Soňra söhbetdeşlik sowal-jogap görnüşinde dowam etdi. Kärdeşler Türkmenistanda hem-de Ermenistanda ulanylýan kitaphanaçylyk işiniň ösdürilmegine innowasion çemeleşmeler barada birek-birekden has anyk ýagdaýlary bilmäge mümkinçilik aldylar.

Bellenilişi ýaly, kitaphana, däp boýunça bilimleriň saklanylýan ýeri hem-de medeniýetiň ojagy bolmak bilen, okyjylaryň döwrebap isleglerine kybap gelmelidir, olar bilen, şol sanda wirtual ýagdaýda işjeň gatnaşyk etmelidir. Şeýle gatnaşykda häzirki wagtda biziň gündelik durmuşymyzyň, işimiziň, boş wagtymyzyň, hat-habar alyşmagymyzyň, öz dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň we bilimimizi ösdürmegiň köp bölegi geçýär.

Foruma gatnaşyjylar mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýändikleri barada pikirlerini aýtdylar.