Ï «...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir»

view-icon 2030
«...Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir»
«Seniň jady gözleriň» aýdymyna goşgynyň awtory Gara Seýitliýew ony aýlay Zinaida Fýodorowna bagyşlapdyr. 1955-nji ýylda Andreý Babaýewiň sazyna döredilen aýdym «Aşyr aganyň hötjetligi» filminde ýaňlanýar. Tanymal aýdymçy Raşid Beýbutow ony şeýle bir ajap aýtdy welin, ol ençeme ýyllap filmiň özünden meşhur boldy. Ýyllar geçip, «Seniň jady gözleriň» aýdymyny Myrat Diwanaýew aýdyp ugrady. Onuň konsertleriniň ählisi diňleýjileriň haýyşy bilen şol ajaýyp aýdym bilen jemlenýär, ol aýdymçynyň tutuş döredijiliginde naýbaşy aýdyma öwrüldi.

Kitap dükanlarynda Wasiliý Şatalowyň gysgadan takyk «Aýdymçy» atly kitaby peýda boldy, oňa Myrat Diwanaýewiň özüniň we ýakynlarynň fotosuratlary bilen bezelen terjimehaly, şeýle hem goşgylary, aýdymlary we romanslary girizilipdir. Myrat Diwanaýew goşgylarynyň birinde özi hakda: «Hudaý sungatlarda maňa zehin baryn eçilipdir» -- diýip ýazýar. Bu hakykatdanam şeýle: ol surat çekýär, goşgy ýazýar, surata düşürýär, elbetde, aýdymam, köplenjem «Seniň jady gözleriň» aýdymyny aýdýar.

Myrat Diwanaýewe bagyşlanan «Aýdymçy» kitaby Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugynda 100 nusgalykda neşir edilipdir, munuň özi ony eýýämden gyt kitaba öwürýär.