Ï Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýük daşaýjylar üçin onlaýn-hyzmatlar

view-icon 1111
«Demirýollary» AGPJ sebitiň ulag we logistika düzümleri üçin innowasion çözgütleri teklip etdi. Paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri «Asman Oky» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde halkara ýük daşalşyny resmileşdirmek üçin onlaýn-hyzmatlar ulgamyny işläp taýýarladylar we ornaşdyrdylar. Indi trl.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen täze sanly ulgam arkaly ýük ugradyjy şahsy kabinetiniň elýeterliligini üpjün edýän öz demir ýol koduny alyp we hasaba goýup biler. trl.gov.tm saýty ýurdumyzdaky müşderiler, şeýle hem daşary ýurtly ýük ugradyjylar üçin oňaýly onlaýn-hyzmatlaryň birnäçesini teklip edýär. Ulanyjy awtorlaşdyrlandan soň ýüki ibermäge olaýn-tabşyrygy resmilerşdirip we onuň tölegini geçirip, wagonyny saýlap, ýüküniň nirdedidgini yzarlap biler.

Munuň özi üstaşyr demir bol hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýänler üçin gowy serişdedir. «Demirýollary» AGPJ halkara ýük daşalyşy üçin onlaýn-hyzmatlary teklip edýär. Türkmenistan bilen eksport-import söwda gatnaşyklaryny ýola goýýan haryt öndürijiler, şeýle hem üstaşyr ýükleri ýurdumyzyň üstünden ugradýan kärhanalar indi Türkmenistanda şahamçasyny açmazdan we öz wekilini bellemezden onlaýn tabşyryk berip we töleg geçirip bilerler.

Hünärmenleriň pikirne görä, awtomatlaşdyrylan sanly ulgam sebitiň ulag we logistika düzümleriniň ösüşine saldamly goşant goşar. Ýurtda uly möçberli taslamalary durmuşa geçirýän kärhanalar indi ýükleri we enjamlary daşamak üçin demir ýol gatnawlaryndan doly derejede peýdalanyp bilerler. Awtomatlaşdyrylan ulgamyň artykmaçlyklaryndan peýdalanylmagy netijesinde eltilmeli ýük bellenilen ýerine göz öňünde tutulan seneden gijä galman ýetiriler. Bu bolsa senagat we gurluşyk taslamalarynyň gymmatyna hem-de durmuşa geçirilmegine köp derejede täsir eder.