Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 856
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz biziň ýurtlarymyzy köp asyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny, döwletlerimiziň arasyndaky ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň emele gelen ýokary derejesiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek üçin berk esas bolup durýandygyny belledi.

“Häzirki döwürde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmek üçin biziň döwletlerimiziň uly mümkinçilikleri bar. Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy täze ýokary derejä çykarmak üçin geljekde hem ähli tagallalary etmäge taýýardyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirmek bilen, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz jenap Sadyr Japarowa berk jan saglyk we jogapkärli döwlet Baştutany wezipesinde üstünlikleri, Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.