Ï Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

view-icon 949
Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde Halkara pul gaznasynyň (HPG) bilermenler topary bilen duşuşyk geçirildi. Bilermenler toparyna Natalýa Tamirisan ýolbaşçylyk edýär.

Pikir alyşmalaryň dowamynda HPG-niň bilermenleri bilen ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň arasynda geçirilen on günlük duşuşygynyň netijeleri jemlenildi. Şolarda ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, türkmen ykdysadyýetiniň şu günki ýagdaýyna seljerme berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan “açyk gapylar” syýasatyny amala aşyryp, halkara düzümleri, şol sanda ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda hem-de tehniki we maslahat beriş kömegini bermekde ýurdumyzyň möhüm strategik hyzmatdaşy bolan Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandaky makroykdysady we madiýe ýagdaýyna berýän yzygiderli bahalary hem-de çaklamalary bolup geçýän ýagdaýlary seljermäge, berilýän anyk maslahatlardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Halkara pul gaznasynyň hünärmenleri maglumat taýdan netijeli gatnaşyklar üçin Türkmenistanyň döwlet edaralaryna hoşallyk bildirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň rowaçlygyna, onuň raýatlarynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny aýtdylar.